Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowa: Aeroport ylalaşygy saklanyldy


Moldowanyň Konstitusion sudy ýurduň hökümetiniň Kişinew halkara aeroportyny gaýtadan dikeltmek jogapkärçiligini rus firmasyna bermek baradaky kararyny soňa goýdy.

Moldowanyň sudunyň sişenbe günki bu karary ýurduň ykdysadyýet ministri Waleri Lazaryň Kişinew aeroportyny gaýtadan dikeltmek baradaky tenderi Orsýetiň "Komeks" kompaniýasynyň gazanandygyny yglan etmeginden bir hepde soň mälim edildi.

Şonda Waleri Lazar 49 ýyllyk aeroportyň gaýtadan dikeldiş işleri üçin 244 million ýewro möçberinde maýa goýum goýlandygyny belläpdi.

Moldowanyň kanun çykaryjylarynyň bir topary tenderiň aýdyňlyk prinsipleriniň bozulmagy esasynda geçirilendigini aýdyp, onuň gaýtadan gözden geçirilmegini soradylar.

Bu tendere ilki başda halkara kompaniýalaryň ýedisi gatnaşypdy. Soňy bilen bu tenderden olaryň bäşisi çykypdy. Olaryň tenderden çykmagynyň sebäpleri barada köpçülige mälim edilmändi.
XS
SM
MD
LG