Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan Molla Baradary boşatdy


Pakistanyň türmesi, 2013.
Pakistanyň türmesi, 2013.
Pakistan “Talyban” hereketiniň ýolbaşçylaryndan Abdul Ghani Baradary tussaglykdan boşatdy. Pakistanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Omar Hamid Baradaryň boşadylmagy barada şenbe güni tassyklap çykyş etdi.

Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň anna güni aýtmagyna görä, Baradaryň boşadylmagy Owganystanyň haýyşy bilen we “ýurtda ýaraşyk prosesine ýardam bermek” maksatly amala aşyrylypdyr.

Owgan tarapynyň umydy

Baradaryň boşadylmagynyň yzýany Owganystanyň prezidentiniň metbugat wekili Aimal Faizi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolup, Baradyň geljekki gepleşiklerdäki roly barda şeýle diýdi: “Biz ilkinji ädim hökmünde Abdul Ghani Baradaryň Owganystana dolanmagyny we “Talybanyň” parahatçylyk prosesine goşulan hem hyzmatdaşlyk edýän beýleki liderleri ýaly bu ýerde ýaşamagyny talap edýäris. Eger ol başga bir ýurtda, başga bir yslam ýurdunda ýaşamak islese biz muňa garşy däl, emma Owganystanyň howpsuzlyk geňeşi onuň bilen gepleşmäge isleg bildiren halatynda ol elýeterli bolmaly”.

Baradaryň tussaglykdan goýberilmeginiň yzýany Owganystanyň Parahatçylyk boýunça geňeşiniň metbugat wekili Şahzada Şahadyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, owgan tarapy “Molla Baradaryň Owganystanda parahatçylyk prosese ýardam bermegine” umyt baglaýar.

“Talyban” hereketi Baradaryň boşadylmagyny entek kommentirlemedi.

Pakistanyň konserwatiw “Jamiat Ulama-e Yslam” partiýasynyň metbugat wekiliniň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde Baradaryň boşadylmagynyň hem Owganystanda, hem Pakistanda parahatçylyk boýunça edilýän tagallalara ýardam berip biljegini belledi.

“Talyban” hereketini esaslandyryjylaryň biri bolan Baradar guramanyň baş lideri Molla Omaryň iň ýakyn ýarany hasaplanýar.

Soňky ýylyň dowamynda Pakistan “Talyban” hereketiniň azyndan 33 agzasyny tussaglykdan boşatdy. Bu çäräniň Kabulyň we gozgalaňçylaryň arasynda parahatçylyk prosesi güýçlendirmek maksatly amala aşyrylýandygy aýdylýar.

Baradar we parahatçylyk prosesi

Owganystanyň “Talyban” hereketiniň öňki lideri Akbar Agha Kabulda ýaşaýar. Onuň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Baradaryň boşadylmagy onuň Owganystandaky parahatçylyk prosese goşulmaga isleg bildirip, muňa ýol berilen ýagdaýynda ähmiýetli bolup biler.

“Hawa, molla Baradar netijede boşadyldy. Emma eger ol Pakistanda galsa ýa-da Pakistanyň isleginiň esasynda başga bir ýerde bolup, “Talyban” ýa-da owgan hökümeti bilen maslahatlardan çetde dursa onuň boşadylmagynyň Owganystanyň parahatçylyk prosesinde hiç bir roly bolmaz”.

Abdul Ghani Baradar 2010-nji ýylda Pakistanyň Karaçi portunda Pakistanyň howpsuzlyk güýçleriniň we Merkezi razwedka agentliginiň bilelikde geçiren operasiýasynyň netijesinde tussag edilipdi. Bu operasiýanyň detallary henize çenli belli däl.
XS
SM
MD
LG