Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda Obamanyň çykyşy makullandy


ABŞ-nyň prezidenti B.Obama BMG-niň 68-nji Baş Assambleýasynda eden cykyşynda, Nýu-Ýork, 24-nji sentýabr, 2013.
ABŞ-nyň prezidenti B.Obama BMG-niň 68-nji Baş Assambleýasynda eden cykyşynda, Nýu-Ýork, 24-nji sentýabr, 2013.
Eýranyň habar serişdelerinde ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşy makullanma bilen garşy alyndy. Muňa Obamanyň Waşingtonyň Tähran babatynda “geçmişdäki ýalňyşlyklary” boýun alyp, Eýran bilen aradaky özara gatnaşyklarda diplomatiki öňegidişliklere umyt baglaýandygyny aýtmagy sebäp boldy.

Eýranyň metbugatynda çap bolan maglumatlarda häzirki wagtda: “Umyt bilen parahatçylyga tarap”, “ABŞ Eýranyň ýadro energiýasyna hukugyny ykrar edýär” we “Obama režimiň üýtgemegini islemeýär” diýen sözbaşylary görmek mümkin.

Eýran neşirlerinde 25-nji sentýabrda irden çap bolan maglumatlar parahatçylykly we umytlandyryjy häsiýete ýugrulandy, muňa Barak Obamanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň öň ýanynda eden çykyşy sebäp boldy.

Emma Obamanyň Baş Assambleýanyň sessiýasynda sözlän sözi has güýçli reaksiýa döretdi.

“Geçmişdäki ýalňyşlyklar”

Eýranyň gazetleri Obamanyň administrasiýasynyň Waşingtonyň Tähran bilen özara gatnaşyklarda “geçmişde ýalňyşlyklary” goýberendigini boýun alandygy barada habar berip, muny aýratyn nygtap geçdiler. Obama öz çykyşynda Eýranyň 1953-nji ýyldaky rewolýusiýasynda ABŞ-nyň roluny boýun aldy, şonda ýurduň demokratik usulda saýlanan ilkinji hökümeti agdarylypdy.

Prezident Obama 1980-1988-nji ýyllarda Eýran-Yrak urşunyň dowamynda eýranlylaryň himiki ýaraglaryň pidalary bolandyklaryny tassyklady. Şu çaka çenli ABŞ-nyň hiç bir prezidenti muny etmändi.

“Men bu agyr taryhdan bir günde saplanyp bolar öýtmeýärin” diýip, Obama belledi we sözüniň üstüni ýetirip, “ynamsyzlyk gaty çüňňur aralaşdy. Emma eger biz Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly meseläni çözüp bilsek, biz özara bähbitlerimize we bir-birimize hormat goýulmagyna esaslanýan dürli gatnaşyklara tarap ýolda uly ädim ädip bilerdik” diýip, öz çykyşynda belledi.

Ýadro programmasy

Şeýle-de Barak Obama ABŞ-nyň Eýranyň ýadro programmasy boýunça aladalarynyň parahatçylykly ýol bilen çözülmegine isleg bildirdi. Obama Waşingtonyň Eýranyň ýadro energiýasyndan parahatçylykly maksatlar üçin peýdalanmagyna mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Munuň yz ýany Eýranyň “Tähran Times” gazeti “Birleşen Ştatlar Eýranyň ýadro energiýasyna hormat goýýar” sözbaşyly makalany çap etdi.

“Reuters” agentligi bilen söhbetdeş bolan Tähranyň ýaşaýjysy jenap Ataşkadr ABŞ tarapyndan mälim edilen mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegine we Eýran tarapynyň olardan paýhasly peýdalanmagyna umyt baglady.

Emma Eýranyň metbugatynda başgaça garaýyşlar hem öňe sürüldi. Tähranyň “Keýhan” atly berk liniýaly gazeti Obamany ýaňsylap, “öwünjeňlikde” ýazgardy. Gazet Obamanyň Eýranyň ýadro energiýasyna rugsat bermegi Tähranyň kuwwatynyň güýçlenmeginiň alamatydyr diýen pikiri öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG