Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaşlar we pagta


Pagta ýygmaga alnyp gidilen mekdep okuwçylary. Türkmenistan.
Pagta ýygmaga alnyp gidilen mekdep okuwçylary. Türkmenistan.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň köpüsinde bolşy ýaly Türkmenistanda hem pagta ýygym kompaniýasy başlady. Türkmenistandan gelip gowuşýan maglumatlara görä, pagta ýygmaga ýurduň Lebap welaýatyndaky oba mekdeplerinde okaýan 8-9-10-njy synp okuwçylary hem alnyp gidilýär.

Kähalatlarda okuwçylaryň pagta meýdanlarynda pajygaly ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy aýdylýar.

Eýsem, mekdep okuwçylarynyň pagta ýygmaga äkidilmegine siz nähili garaýarsyňyz? Siziň pagta tejribäňiz nähili boldy?

Bu nobatdaky ýaşlar programmamyzyň esasy temasy bolar. Öz pikirleriňizi aşakdaky teswir bölüminde galdyryp, programma gatnaşmak üçin bolsa hat@azatradio.org e-mail adresimize hat ýazyp biziň bilen habarlaşyp bilersiňiz.
XS
SM
MD
LG