Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abbas hemişelik ylalaşyk isleýär


Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas ýakynda Ysraýyl bilen gaýtadan başlanan gepleşikleri dokuz aýyň dowamynda parahatçylykly ylalaşyklara ýetmek maksady we “oňyn tutanýerlilik” bilen dowam etdirjekdigini aýtdy.

Abbas “ebedi” bolup biljek başlangyç ýa-da wagtlaýyn ylalaşygy palestinalylaryň kabul etmejekdigini nygtady.

Ol parahatçylygyň ilkinji ädimi hökmünde Ysraýyldan ýaşaýyş obalarynyň gurluşygyny togtatmaga çagyryş etdi.

Penşenbe güni Abbas “ilkinji sapar Palestina döwletiniň adyndan” diýen kesgitleme bilen BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş edýänine buýsanýandygyny aýtdy. Geçen ýyl agzalýan guramanyň 193 agzasy BMG-niň Baş Assambleýasyna synçy ýurt hökmünde Palestinanyň statusyny ýokarlandyrypdy.

Mundan ozal Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda iýul aýynda gaýtadan başlan parahatçylykly gepleşikleri ýokary depginde alyp barmaga taraplaryň razy bolandygyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG