Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hasabat: Azatlyk azalýar, aktiwistler erjelleşýär


Eýranda tussagda öldürilen blogger we aktiwist Sattar Beheşti
Eýranda tussagda öldürilen blogger we aktiwist Sattar Beheşti
“Freedom House”, “Azatlyk öýi” guramasy geçen ýyl, giň gözegçilik, websaýtlaryň mazmunyna kontrolluk edýän täze kanunlar, sosial-mediany ulanyjylaryň tussag edilmeginiň köpelmegi netijesinde, internet azatlygynyň dünýä boýunça pese gaçandygyny aýdýar.

Emma muňa garamazdan, Birleşen Ştatlarda ýerleşýän hukuk topary aktiwistleriň howp-hatarlardan habardarlygy ýokarlandyrmakda has netijeli işleýändiklerini aýdýar.

Bu netijeler penşenbe güni, "Freedom of the Net" ady bilen çap edilen we 2012-nji ýylyň maýy bilen 2013-nji ýylyň apreli aralygynda 60 ýurtda bolan wakalary öz içine alýan täze hasabatda yglan edildi.

Bloggeriň tussagda ölmeginiň netijesi

Hasabatda Eýranyň, Kubanyň we Hytaýyň internet elýeterliliginiň pesligi we senzuranyň berkligi sebäpli iň ýaramaz ýurtlaryň arasynda galýandygy aýdylýar.

“Azatlyk öýi” guramasynyň ylmy barlagçysy Adrian Şahbazi Azatlyk Radiosyna Eýranda bir bloggeriň tussagda ölmegi Yslam respublikasynyň internet azatlygyny bozýan ýurtlaryň sanawynda iň erbet derejäni almagynyň esasy sebäpleriniň biri boldy diýdi:

"Hakykatda ol ýerde, Eýranda bir internet ulanyjynyň öldürilmek fakty boldy, ol Sattar Beheşti. Onsoň bu bir adamyň, hamala hökümeti tankytlap, internetde bir zat ýazanlygy üçin türmä basylmagynyň, polisiýanyň tussaghanasynda öldürilmeginiň bir fakty boldy. Şeýlelikde, bu olaryň netijesine tersin täsir ýetirdi."

Öňki Sowet Soýuzyndaky ýagdaý

Belarus, Pakistan we Özbegistan hem internet azatlygynyň ýaramaz ýurtlarynyň arasynda agzalýar, emma Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Orsýet bu meselede bölekleýin azat ýurtlar diýlip hasaplandy.

“Azatlyk öýünden” Laura Reed öňki Sowet Soýuzynyň ýurtlarynyň bir toparynyň interneti çäklendirmek ugrundaky çärelere ýüz urandyklaryny aýdýar.

"Soňky ýylyň dowamynda biz öňki Sowet Soýuzynda hökümetleriň goşmaça çäreler arkaly, bir topar kanun we aşa hukuk düzgünleri bilen mazmunyň öňüni beklejek bolandygyny gördük. Şeýle-de biz bu sebitde syn eden ýurtlarymyzyň ýarysyna golaýynda internet ulanyjylaryň yzarlanmagynyň ýokarlanandygyny gördük. Mysal üçin, Orsýet soňky ýylyň dowamynda bu tendensiýa has yhlasly göründi. Netijede, Orsýetde häzir internet işjeňligi üçin sud jogapkärçiligine çekilen aktiwistleriň sany 2011-nji ýylda 31 bolanlygyndan 2012-nji ýylda 103-e ýetdi."

"Azatlyk öýi" guramsynyň "Freedom On The Net 2012" ady bilen geçen ýyl çap eden hasabatynyň jildi.
"Azatlyk öýi" guramsynyň "Freedom On The Net 2012" ady bilen geçen ýyl çap eden hasabatynyň jildi.
Ozalky sowet ýurtlarynyň üçüsi – Ermenistan, Gürjüstan we Ukraina azat ýurtlar diýen derejäni aldy.

Umumy tendensiýalar

Hasabatda her bir ýurda internet elýeterliligine döredilýän päsgelçilikler, mazmun çäklendirmeleri, ulanyjy hukuklarynyň bozulyşy esasynda baha berilýär.

“Azatlyk öýi” guramasynyň syn eden 60 ýurdunyň 34-sinde internet azatlygynyň derejesiniň peselendigi göründi.

“Azatlyk öýi” soňky bir ýylyň dowamynda dünýä boýunça senzura edilýän websaýtlaryň artandygyny, şol bir wagtda dürli ýurtlardaky internet ulanyjylaryň internetde ýerleşdirilen zatlary üçin tussag edilendigini, gynalandygyny we öldürilendigini aýdýar.

Bu topar internet azatlygynyň demokratik ýurtlaryň hem birnäçesinde pese gaçandygyny, käbir halatlarda hökümetleriň söz azatlygyny howpsuzlyk bilen deňagramlaşdyrmaga çalşandyklaryny aýdýar.

“Azatlyk öýi” muňa mysal edip Birleşen Ştatlary görkezýär. Hasabatda aýdylmagyna görä, Milli howpsuzlyk gullugynyň giň gerimli gözegçilik programmalarynyň üstüniň açylmagy bilen, internet azatlygy ep-esli derejede peseldi.

“Azatlyk öýi” internet azatlygynyň indi dünýä boýunça tapgyr üçünji ýyl pese gaçýandygyny aýdýar. Emma bu negatiw tendensiýa garamazdan, dünýä boýunça raýat işjeňliginiň ýokarlanmagy geljekki oňyn ösüşlere umyt döredýär diýlip, hasabatda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG