Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: Täze obdusman saýlandy


Gyrgyz parlamenti ýurduň täze ombudsmanyny saýlady. Azatlyk Radiosynyň öňki habarçysy 45 ýaşly Bakyt Amanbaýew penşenbe güni täze wezipesine girişmek üçin kasam etdi.

Muňa garamazdan, Gyrgyzystanyň öňki ombudsmany Tursunbek Akun sentýabr aýynda yglan eden açlygyna dowam edýär. Akun özüniň wezipesinden boşadylmagyny protest etmek we tanymal jenaýat adamynyň wagtyndan öň türmeden boşadylmagyna gatnaşdy diýip aýdýan ýurduň ýokary derejeli resmileriniň işden çekilmegini talap etmek maksady bilen açlyk yglan edipdi.

Akun Aziz Batukaýewiň aprel aýynda wagtyndan öň türmeden boşadylmagyna Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasynyň we Içeri işler ministrliginiň ýokary derejeli resmileriniň jogapkärdigini nygtaýar.

Aziz Batukaýew Gyrgyzystany terk edip, Russiýa bardy. Gyrgyz kanun çykaryjylary Akuny ombudsman wezipesinden iýun aýynda aýyrypdylar. Akun öz saglyk ýagdaýynyň erbetleşýändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG