Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaşlar we "marşirowkalar"


Talyplar köpçülikleýin çärelere gatnaşdyrylýar. 25-nji sentýabr, 2013 ý.
Talyplar köpçülikleýin çärelere gatnaşdyrylýar. 25-nji sentýabr, 2013 ý.
Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramynyň ýakynlaşmagy bilen, bu dabara mynasybetli görülýän taýýarlyklar hem Aşgabatda, hem-de ýurduň welaýatlarynda başlandy.

Öňki tejribä görä, bu ýyl hem müňlerçe türkmen talyby paýtagtyň stadionlarynyň birinde we welaýat merkezlerinde geçiriljek çärä mejbury ýagdaýda gatnaşdyrylyp başlandy.

Ilat arasynda “marşirowkalar” diýlip atlandyrylýan şeýle çärelere talyplaryň mejbury gatnaşdyrylmagyna siz nähili garaýarsyňyz? Siziň “marşirowka” tejribäňiz nähili boldy?

Bu nobatdaky ýaşlar programmamyzyň esasy temasy bolar. Öz pikirleriňizi aşakdaky teswir bölüminde galdyryp, programma gatnaşmak üçin bolsa hat@azatradio.org e-mail adresimize hat ýazyp biziň bilen habarlaşyp bilersiňiz.
XS
SM
MD
LG