Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bakuwda demonstrasiýa geçirildi


Azerbaýjanyň birleşen oppozisiýasynyň prezidentlige ýeke-täk kandidaty Kamil Hasanlynyň tarapdarlary 9-njy oktýabrda geçjek saýlawdan öňki soňky ýygnanyşyklaryny geçirdiler.

Guramaçylar şenbe güni Bakuwda guralan demonstrasiýa 10 müňe çenli adamyň toplanandygyny aýdýarlar, emma polisiýa demonstrantlar bir ýarym müňden köp bolmady diýýär.

Hasanly ýygnanalara, eger prezident saýlansa, Azerbaýjynyň diktatura öwrülmegine ýol bermejgini aýtdy.

Ol häkimiýetleri ýurduň ummasyz nebit girdejilerini ýönekeý adamlar bilen paýlaşmazldykda aýyplady.

Hasanly millionlap adamyň Azerbaýjany terk edip, çörek puly gazanmak üçin Orsýete, Ukraina we beýleki ýurtlara gidendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG