Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Otlularda prawoslaw dini wagyz ediler


Tatarstanyň demirýol stansiýasy, 2013.
Tatarstanyň demirýol stansiýasy, 2013.
Orsýetde döwletiň eýeçiligindäki demirýol kompaniýasy uzak aralyga gatnaýan otlularda ýolagçylar üçin hristian dini barada audio programmalary hödürlemekçi bolýar. Orsýetiň Prawoslaw buthanasy tarapyndan goldanýan bu inisiatiwa tankytlara sezewar boldy.

Tiz wagtda Orsýetde otlularyň ýolagçylarynyň ýörite audio programmalar arkaly Orsýetiň prawoslaw dininiň taryhy, filosofiýasy bilen yzygiderli tanyşdyrylyp başlanmagy mümkin.

Ýolagçylaryň dykgatyna

Moskwanyň Patriarhiýa dini edarasynyň baş ruhanylarynyň ýolbaşçylygynda öňe sürülýän inisiatiwa görä, “Radio Rossii” atly radiostansiýada žurnalist Lýudmila Borzýagyň alyp barýan programmalary esasynda ýakyn aýlarda Orsýetiň uzak aralyga gatnaýan otlularynyň 200-den gowragynyň ýolagçylaryna dini gürrüňler hödürlener.

Bu gepleşikler Orsýetiň tanymal mukaddes taryhy şahslarynyň durmuşy, şol sanda knýaginýa Olganyň we knýaz Wladimiriň durmuş ýoly, Orsýetde hristian dininiň ornaşmagynyň başlangyç döwürleri we Orsýet döwletiniň düýbüniň tutulmagy baradaky maglumatlary öz içine alýar.

Şeýle-de ýolagçylar gadymy grek filosofy Fales we gadymy Rim syýasatçysy kiçi Pliniý ýaly şahslar barada we gadymy taryh barada maglumatlar bilen tanyş bolup bilerler.

Orsýetiň döwletiň eýeçiligindäki demirýol kompaniýasynyň metbugat wekili Ýelena Miroşnikowa Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde bu proýektiň jemgyýetde medeniýetiň we bilimiň derejesini ýokarlandyrmaga itergi berjegine ynam bildirýär.

Emma bu proýekt ençeme bilermenler tarapyndan ýazgaryldy. Bilermenler onuň diniň döwletden aýralygy baradaky düşünjä ters gelýändigini belleýärler.

Musulmanlaryň garaýşy

Orsýetiň prawoslaw dinine uýmaýan ilatly respublikalarynda proýekte has berk garşylyk bildirildi.

Esasan musulman ilatly Tatarstanyň paýtagty Kazanyň 17 ýaşly ýaşaýjysy Adilýa hristianlara niýetlenen programmalaryň tatarlaryň göwnüne degmegi mümkin diýip hasap edýär. Adilýa özüniň muňa garşy çykyş edýändigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, prawoslaw hristian dini barada ors dilinde geçirilýän programmalar köpçülige hödürlenýärkä, näme üçin yslam barada gepleşik berilmeýär diýen pikirleriň döremegi mümkin.

Käbir maglumatlarda otlularda programmalary diňlemek islemedik ýolagçylaryň sesini öçürip bilýändikleri barada aýdylýar. Hristian buthanasynyň taryhy boýunça bilermen Irina Karasuba dini mazmunly maglumatlaryň köpçüligiň üýşýän ýerlerinde, şol sanda otlularda berilmeginiň adamlaryň dinden ýüz öwürmegine itergi berip biljekdigini belleýär.

Din we ýolbaşçylar

Orsýet özüniň köp dinli döwletdigini yglan edýän hem bolsa, ýurduň köp ýolbaşçylary Moskwanyň Patriarhiýa dini edarasy bilen ýakyn gatnaşyk saklamakda tankytlara sezewar edilýär.

Orsýetiň Prawoslaw buthanasynyň baş ýolbaşçysy Patriarh Kiril prezident Putiniň uzak wagtlap häkimiýet başynda saklanmagyny “hudaý tarapyndan görkezilen keramat” diýip atlandyrdy.

“Orsýetiň demir ýollary” edarasynyň başlygy we prezident Putiniň ýakyn ýarany Wladimir Ýakunin dini ynançlaryny ýaşyrmaýar.

Ýakunin prawoslaw hrirstian dinini goldamak ugrunda eden tagallalary üçin Serafim Sarowskiý ordeni, Mukaddes Daniil Moskowskiý ordeni, Andreý Rublýow ordeni bilen sylaglandy, şeýle-de ol Gresiýanyň, Serbiýanyň, ABŞ-nyň, Çehiýa Respublikasynyň we Slowakiýanyň Prawoslaw buthanalarynyň sylaglaryna eýe boldy.
XS
SM
MD
LG