Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ykdysadyýet: Ýewraziýa dikelýär, töwekgelligem bar


Bütindünýä bankynyň logosy
Bütindünýä bankynyň logosy
Bütindünýä banky Gündogar Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň global maliýe we ýewro-zona krizisleri mahalynda ýüzbe-ýüz bolan ykdysady gaýtgynlyklaryndan soň dikeliş alamatlaryny görkezýändigini aýdýar.

Emma Bütindünýä bankynyň we Halkara pul fondunyň ykdysadtçylary anna güni Waşingtonda geçen ýyllyk duşuşykda bu sebitiň dikelişiniň dünýäniň beýleki regionlary bilen deňeşdirilende has haýaldygyny we töwekgelliklere taýýarlyksyz bolup galýandygyny hem aýtdylar.

Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa regiony boýunça wise-prezidenti Lora Tak Günbatar Ýewropanyň gaýtgynlykdan haýallyk bilen çykmagy Merkezi we Gündogar Ýewropa, Merkezi Aziýa ýurtlaryna «tolkun täsirini» ýetirdi diýdi.

Bütindünýä banky bu sebitiň 2013-nji ýylda 2.2 prosent we 2014-nji ýylda 3.1 prosent derejeleri bilen aram ösüşe eýe boljagyny çaklaýar.

Şeýle-de Tak GDA ýurtlarynyň 2013-nji ýyldaky içerki önüm ösüşiniň, Orsýetiň içerki önüm ösüşiniň derejesiniň 1.8 prosentdigine garamazdan, 2.4 prosent boljagyny çaklaýar.

Täze töwekgelliker

Emma ol erjel ykdysady gowuşgynsyzlyklar we täze töwekgellikler barada hem duýduryş berdi:

"Gowy täzelik, meniň aýdyşym ýaly, [Ewropanyň ykdysadyýeti] dikelişde. Erbet täzelik - maliýe töwekgellikleri, şol sanda bärden, Birleşen Ştatlardan peýda bolýan töwekgellikler. [ABŞ-nyň Federal rezerw başlygy] Ben Bernankeniň maý aýyndaky teklibinden soň, o ýerde gaýtgynlyk bolup biler, ösýän Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlayrna barýan maýa akymy peseldi, önümçilik ýokarlandy, aksiýalar kesgin aşak gaçdy we walýutalar gowşady. Bular şol [Gündogar we Merkezi Ýewropa hem-de Merkezi Aziýa] ýurtlarda dowam edýän operasiýalara uly hasap defisit zarbasyny urup, girýän girdejilere, şol sanda Günbatar Balkanlara, Ermenistan we Belarus ýaly ýurtlara ýaramaz täsir ýetirdi."

Tak bu sebitiň ýurtlarynyň «ýowuz reallyga» taýýar bolmalydygyny, sebäbi olaryň ykdysadyýetlerindäki esasy problemalaryň gurluş häsiýetine eýedigini we içerki çözgütleri talap edýändigini aýtdy.

Bular täze iş ýerlerini döretmek üstünde işlemek, gartaňlaşýan ilat meselesini çözmek, tebigy resurslaryň peýdalanylyşyny gowulandyrmak zerurlygyny hem öz içine alýar.

Tebigy resurslardan netijeli peýdalanmaly

Bütindünýä banky tarapyndan ýaýradylan metbugat habarynda Merkezi Aziýada, Orsýetde beýleki post-sowet ýurtlarynda resurslaryň rasional peýdalanylyşy babatdaky kynçylyklar aýratyn nygtalyp geçilýär.

"Tebigy serişdeleri rasional, oýlanyşykly we jogapkärçilikli peýdalanmak bir problema bolup, Ýewraziýanyň Azerbaýjan, Gazagystan, Orsýet, Türkmenistan, Ukraina we Özbegistan ýaly serişdä baý ýurtlaryna täsir ýetirýär" diýip, beýanatda aýdylýar.

Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa regiony boýunça baş ykdysatçy Hans Timmer Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bar bolan we täze döreýän firmalaryň şertleriniň gowulanmagy, iş ýerleriniň döremegi, işçileriň has çeýeleşmeginiň goldanylmagy we olaryň täze dörän iş mümkinçilkilerinden peýdalanmaga taýýar bolmagy üçin reformalary geçirmelidigini aýtdy.

Ykdysatçylar, rowaçlygyň uzagyndan bolmagy üçin, Gündogar Ýewropayň we Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň «has gowy guramalary gurmaly boljaklaryny» aýtdylar.
XS
SM
MD
LG