Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Inspektorlar: Kabul ýazga geçirmekde şowsuz


Birleşen Ştatlaryň maliýe inspektorlary Kabul dokumentleri ýazga geçirmekde başarnyksyzdygyny belleýär. Şol sebäpden hem owgan milli armiýasyny gerekli şaýlar bilen üpjün etmek tagallalary biderek harçlamalardan we güýçli bidüzgünçiliklerden ejir çekýär diýýär.

Owganystany gaýtadan gurmak üçin Ýörite baş inspektorlygyň maliýe inspektorlary 2004-2012-nji ýyllar aralygynda Birleşen Ştatlary we onuň ýaranlary tarapyndan owgan harby ulaglaryny gerekli şaýlar bilen üpjün etmek üçin harçlanan 370 million amerikan dollaryndan gowrak puluň “hasabyny çykaryp bolanok” diýýärler.

Inspektorlaryň berýän maglumatynda Owganystan zapasda näçe şaýlaryň bardygyny, näçesiniň buýrulandygyny we şaýlaryň haçan geljekdigini döwrebap görnüşde ýazga almakda we ýazgysyny saklamakda şowsuz bolandygy aýdylýar.

Şeýle-de, maliýe inspektorlary 2010-2012-nji ýyllar aralygynda owgan armiýasyna gerekli şaýlaryň gelip gowşandygyny tassyklaýan dokumentleri ele geçirip bilmändigini aýdýarlar.

Netijede, inspektorlar Owganystana berilýän ýardamyň biderek pul sowmalardan, bidüzgünçiliklerden we betniýetli ulanmalardan goragsyzdygyny belleýärler.
XS
SM
MD
LG