Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çehiýada saýlaw geçirilýär


Çehiýada ikinji gün parlament ses berişligi gidýär.

Çeh saýlaw resmileri saýlawa gatnaşmaly 8.4 million saýlawçynyň 40 prosentiniň anna güni ses berendigini aýtdy.

Merkez-sagçy hökümet halanmadyk tygşytlylyk çäreleri zerarly tankytlanyp, iýun aýynda korrupsiýa aýyplamalary netijesinde dargandan soň, irki saýlawlary geçirmeli boldy.

Pikir soraşlyklar ozalky ministr Bohuslaw Sobotka tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Sosial demokratlaryň parlament orunlarynyň aglabasyny utjaga çalym edýändigini görkezýär.

Emma muňa garamazdan, pikir soraşlyklar bu partiýanyň koalisiýa partneryna mätäç boljagyny hem aňladýar.
XS
SM
MD
LG