Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan baş serhetçisini işden aýyrdy


Gyrgyzystanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Kurbankun Mametow galplyk edenligi barada aýdylýan zatlar zerarly işden boşadyldy.

Geçirilen derňew Mametowyň pensiýa bölümine öz ýaşaýan ýeri barada galp maglumat berendigini we netijede özüne degişli bolmadyk 409 müň som ( $8,500) tölegini alandygyny kesgitledi.

Harby prokuratura Mamedowyň wezipede bolmagyny togtatmak barada beýanat çap etdi we prezident Almazmek Atambaýew ony öz işinden aýyrmak baradaky karara gol çekdi.

Mametow Gyrgyzystanyň şu ýyl bellenen üçünži serhet başlygydy.
XS
SM
MD
LG