Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: TW ýazgarylýar


Günbatar Owganystanyň dini geňeş agzalary owgan telewideniýesinde özleriniň "ahlaksyz" diýip atlandyran gepleşiklerini ýazgaryp çykyş etdiler.

Hyratda ýerleşýän Ulamalar geňeşi bu hili gepleşikler ýurda janyndan geçen bombaçylardan beter howp salýar diýip hasaplaýandygyny aýtdy.

Geňeşiň sözçüsi Mir Farok Husseýni eger «ahlaksyz» gepleşikleriň öňi alynmasa, ruhanylar mundan beýläk janyndan geçen bombaçylaryň hüjümlerini ýazagarmaz diýdi.

Owganystanda soňky on ýylda onlarça hususy telekanal döredi we olar «Bolliwud» filmlerini görkezip, ruhanylaryň gaharyny getirdiler.

Owgan prezidenti Hamid Karzaý ruhanylaryň ozalky basyşlaryna jogap edip, aprelde ýurduň Maglumat we medeniýet ministrligine «wulgar, yslama we jemgyýetçilik ahlagyna ters gelýän zatlaryň» efire çykmagynyň öňüni almagy tabşyrdy.
XS
SM
MD
LG