Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan BMG-de berlen baha gahar etdi


Swesiýadaky özbekler özbek türmelerinde adam gynalmagyna garşy protest bildirýärler. 2009.
Swesiýadaky özbekler özbek türmelerinde adam gynalmagyna garşy protest bildirýärler. 2009.
BMG-de Özbegistanyň adam gynalmagynyň öňüni almak we adam gynanlary jezalandyrmak barada kabul eden çärlerine berlen baha-syn, özbek delagasiýasynyň başlygynyň gygyryp, stol ýumruklamagy bilen, özboluşlygy bir gykylyk-galmagala ýazdy.

BMG-niň Adam gynalmagyna garşy komiteti sişenbe güni, Ženewada bolan baha-syn beriş mahalynda, Özbegistanda giň ýaýran adam gynamalary barada gowuşýan habarlardan, şol sanda bikanun tussag etmelerden, raýat aktiwistleriniň, adam hukuklaryny goraýjylaryň daşary ýurtlara bosgunlyga çykmaga mejbur edilmeginden, tussaglara ýowuz daramagyň adaty zada öwrülmeginden uly alada galýandygyny bildirdi.

Şeýle-de ekspertler bu ýurtda mejbury zähmetiň, çaga zähmetiniň ulanylmagyndan, hususan-da bu ýagdaýyň Özbegistanada pagta hasylyny ýygnamak bilen bagly çäreler esasynda giň ýaýrmagyndan alada bildirdiler.

Milli adam hukuklary merkeziniň we özbek delagasiýasynyň başlygy Akmal Saidow bu komiteti syýasy äheňli syn taýýarlamakda aýyplady. Ol bu komitet, özbek hökümetiniň beren maglumatlaryna göz ýummak bilen, öz gelen netijelerinde esasan bir taraply jemgyýetçilik guramalarynyň maglumatlaryny ileri tutupdyr diýdi.

Saidow sişenbe güni hasabat bilen çykyş edip, hökümetiň adam gynalmagyna garşy Konwensiýanyň durmuşa geçirilmegi üçin amala aşyran reformalary barada gürrüň berdi. Bu Konwensiýa Özbegistanda 1995-nji ýylda tassyk edilipdi.

Komitet adam gynamalarynyň giň ýaýrandygy baradaky maglumatlaryň özlerine dürli-dürli çeşmelerden, şol sanda BMG-niň mehanizmlerinden gelip gowşandygyny aýtdy.

Komitetiň agzalary özbek wekillerine beren soraglarynda 2013-nji ýylda habar berlen şahsy işler diýilýänlere salgylandylar.

BMG-niň komitetiniň başlygynyň orunbasary we özbegistan boýunça hasabatçy Felise Gaýer, Saidow gazaba münenden soň, komitetiň faktlar esasynda işländigini aýtdy.

“Amnesty International” guramasynyň wekili, sişenbe güni geçirilen sessiýa gatnaşan Julia Hall Azatlyk radiosyna özbek delegasiýasynyň komitet tarapyndan berlen soraglaryň hiç birine suwytly jogap berip bilmändigini aýtdy:

"Sagdyn gürrüň etmäge, magluamatlary paýlaşmaga derek, nirede öňegişligiň bolandygyny, nirede entek edilmeli işleriň bardygyny kesgitlemäge derek, özbek delegasiýasy o taýda oturyp, hemme zady inkär etdi we gygyrdy. Bu hiç bir jähtden halkara jemgyýetçiliginiň diňe bir maksat, adam gynalmagynyň, çaga zähmetiniň we beýlekileriň soňuna çykmak üçin jemlenip, üstünlikli hereket etmeginiň bir ýoly hasaplanyp bilmez. Özbegiatnyň delagasiýasy bir päsgelçilik boldy» diýip ol aýtdy.

Sadiow özüniň jemleýji çykyşynda özbek delagasiýasynyň komitetiň beren soraglaryna ýazmaça jogap taýrlajagyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG