Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa resmisi Bakuwy reforma çagyrýar


Ýewropanyň Adam hukuklary geňeşiniň komissary Nils Muizniýeks Baku Ýewropa geňeşiniň başlyklygyny öz üstüne almazdan öň Azerbaýjanyň bir topar reforma geçirmeginiň gerekdigini aýtdy.

Ol penşenbe güni Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde Azerbaýjan resmileri häkimiýete ynamy gaçyrmak synanyşygynda aýyplanan aktiwistleri, žurnalistleri we oppozision syýasatçylary türmeden goýbermeli diýdi.

Şeýle-de Muizniýeks Bakuwy öz başlyklygyndan öň söz azatlygyny we ýygnanyşmak azatlygyny sylamaga çagyrdy.

Ol Azerbaýjanyň Ýewropa geňeşine üstünlikli ýolbaşçy bolmagy üçin çynlakaý öňegidişligiň ýeke-täk ýol bolup durýandygyny aýtdy.

Azerbaýjanyň Ýewropa geňeşine alty aý başlyklygy maýda başlanýar.
XS
SM
MD
LG