Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rahmonyň gaýtadan saýlanjagy şübhesiz


Duşenbe, 3-nji noýabr, 2013
Duşenbe, 3-nji noýabr, 2013
Täjigistanda geçýän prezidentlik saýlawlarynyň netijesinde ýurduň häzirki prezidenti Emomali Rahmonyň dördünji sapar prezidentlik wezipesinde galmagyna garaşylýar.

Bu wezipä dalaş edýän beýleki bäş kandidat köp tanalmaýan şahslar bolup, olar saýlaw kampaniýasynyň gidişinde hökümetiň syýasatyny tankyt etmekden çeke durdular.

Oppozisiýanyň “Sosial-Demokratik” partiýasy saýlawlary boýkot edýändigini yglan etdi we saýlaw kampaniýasynyň döwlet tarapyndan galplaşdyrylýandygyny hem “konstitusiýany depeleýändigini” aýtdy.

Partiýa Täjigistanyň häkimiýetlerini oppozisiýanyň ýeke-täk dalaşgäri Oinihol Bobonazarowanyň resmi hasaba alynmagyna päsgel bermekde aýyplady.

Rahmon çarşenbe güni Duşenbede howpsuzlygyň pugta berjaý edilen şertlerinde ses berdi. AÝ/AR-nyň Täjik gullugy Rahmonyň maşgalasynyň saýlaw nokadyna baran badyna žurnalistleriň ol ýerden çykarylandygyny habar berdi.

Beýleki bäş dalaşgär özlerine degişli saýlaw uçastoklarynda ses beripdirler.

Ses berijileriň gatnaşyk derejesi

Merkezi saýlaw komissiýasy ýerli wagt bilen öýlän sagat ikide ses berijileriň gatnaşyk derejesiniň 60%-e ýetendigini yglan etdi. Ses berişligiň geçirildi diýlip hasap edilmegi üçin ses berijileriň gatnaşyk derejesi 50%-den aşmaly.

AÝ/AR-nyň Täjik gullugynyň maglumatyna görä, azyndan üç sany saýlaw uçastogynda şol bir ses berijileriň birnäçe sapar ses bermegi bilen bagly wakalaryň ençemesi bolupdyr.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Täjigistanyň günortasynda ýerleşýän Wahdat etrabynda bir zenanyň alty sany saýlaw býulletenini gapyrjaga taşlandygyny habar berdi. Bu aýal Orsýetde zähmet çekýän bäş sany ogluna derek ses berendigini aýdypdyr.

Wahdat etrabynyň Kirgizon saýlaw nokadynda bir zenan öz maşgalasynyň on agzasyna derek ses beripdir. Bu zenan adamsynyň, ogullarynyň we gelinleriniň işlemek üçin başga ýerlere gidendigini gürrüň berdi.

Duşenbeli ses beriji Nazira Karaboýewa Rahmona ses berendigini we munuň bilen özüniň durnuklylygy saýlaýandygyny gürrüň berdi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Täjigistanyň döwletiň gözegçiligindäki mediasyny tankyt edip, saýlaw kampaniýasynyň gidişinde esasy ünsüň Rahmona gönükdirilendigini belledi.

ÝHHG-niň Täjigistandaky saýlawlara gözegçilik edýän missiýasynyň ýolbaşçysy Gordana Komik saýlawlaryň geçişine gutarnykly bahalaryň saýlawlar doly tamamlanansoň beriljekdigini aýtdy.

Täjigistanda saýlawlaryň öňüsyrasynda YouTube we beýleki garaşsyz websaýtlaryň ençemesi böwetlendi.

Rahmonyň ýolbaşçylygy

Emomali Rahmon Täjigistana 1992-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edip gelýär. Rahmon 1994-nji, 1999-njy we 2006-njy ýyllarda bolan prezidentlik saýlawlarynda ýeňiji diýlip yglan edilipdi, emma şol saýlawlaryň hiç biri açyk we adalatly bolmandy.

Rahmonyň tarapdarlary onuň 1990-njy ýyllaryň başynda bolan graždanlyk urşundan soň ýurda parahatçylyk getirendigini aýdýarlar. Şol bir wagtda-da Rahmon oppozisiýany çäklendirmekde, garaşsyz media basyş etmekde we ykdysadyýeti ýalňyş dolandyrmakda ýazgarylýar.

Täjigistan Merkezi Aziýanyň iň garyp ýurdy bolup, ykdysady çökgünlilikden, agyr işsizlikden we korrupsiýadan ejir çekýär.
XS
SM
MD
LG