Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Hairowa 11 ýyl kesildi


Gazagystanyň Almatydaky sudy 38 ýaşyndaky Saýan Hairowy terrorizm, adam alyp gaçmak, ýaraglary bikanun saklamak we serhetden bikanun geçmek aýyplamalarynda günäli tapdy.

Hairow penşenbe güni 11 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol aýyplamalaryň aglabasyny öz boýnuna almady. Hairow diňe serhetden bikanun geçendigini aýtdy.

2012-nji ýylyň awgust aýynda 11 adamyň, şol sanda tokaý sakçysynyň we onuň maşgalasynyň jesedi Almatydaky Ile-Alatau milli seýilgähinde tapylypdy.

Ýurduň resmileri şondan gysga wagt soň Almatynyň golaýynda howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öldürlen yslamçy terroristleriň gürrüňi edilýän köpçülikleýin gyrgynçylyga gatnaşan bolmagy mümkin diýdi.

Şondan soň Hairow hem ele salnypdy we jenaýat eden toparyň lideri bolmakda aýyplanypdy. Bu waka gatnaşmakda aýyplanýan şübhelileriň ýene biri Zaurbek Botabaýew bolup, ol häzirki wagt ele salynmady.
XS
SM
MD
LG