Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Kerri ýadro ylalaşygy barada çykyş etdi


Duşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri Eýranyň ýadro programmasy baradaky dawanyň soňuna ýetjek ylalaşyga ençeme aýyň dowamynda gelmegi umyt edýändigini aýtdy.

Geçen hepde Ženewada Eýranyň we dünýäniň iri alty döwletiniň arasynda üç gün geçirlen gepleşikler netijesiz tamamlanypdy.

Kerri Abu-Dabi şäherinde žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda ýadro ylalaşygy babatda iri döwletleriň bir pikire jemlenendigini, ýöne “şol pursat” eýranlylaryň ony kabul etmäge mümkinçiligi ýokdy diýdi.

Eýran bilen dünýäniň iri döwletleriniň arasynda boljak nobatdaky gepleşikleriň 20-nji noýabrda geçirilmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG