Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Partlamalarda 39 adam öldi


Penşenbe güni Yragyň gündogaryndaky Al-Sadiýa şäherinde janyndan geçen hüjümçiniň özüni partlatmagy netijesinde 30 şaýy musulmany öldi. Şeýle-de, wakada başga-da 65 adam ýaralandy.

Ýurduň paýtagty Bagdadyň 50 kilometr günortasynda ýerleşýän Hafriýah şäherinde bolan iki bomba hüjüminde hem dokuz adam öldi.

Yrakdaky we dünýäniň dürli künjegindäki şaýy musulmanlary “Aşura” dabarasyny belleýärler.

Şaýy musulmanlary mukaddes Karbala şäherinde geçiriljek dabara tarap ýöriş geçirýärler. Bu gün VII-nji asyrda Muhammet pygamberiň ogly Ymam Hüseýiniň öldürilmegi ýatlanyp geçilýär.

Sünni ekstremistleri şaýy musulmanlaryny dinden çykan hasaplap, olara ýygy-ýygydan hüjüm edýärler.

Birleşen Milletler Guramasy şu ýylyň dowamynda Yrakda mezhebara ýowuzlyklarda we beýleki hüjümlerde 7 müňden gowrak adamyň ölendigini habar berýär. Olaryň 1000-si diňe oktýabr aýynda heläk boldy.
XS
SM
MD
LG