Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz işleri näme üçin hytaýlylara berilýär?


Gyrgyz çopany täjik-hytaý serhedinde
Gyrgyz çopany täjik-hytaý serhedinde
Gyrgyzystanyň raýatlary iş gözläp Orsýete ýa-da Gazagystana gitmeli bolýarlar. Şeýle ýagdaýda “Gyrgyzystan näme üçin hytaýlylary iş bilen üpjün edýär?” diýen sorag köpleri gyzyklanadyrýar.

Gyrgyzystanda iş tapmak kyn bolansoň, köp adam ýurdy taşlap, daşary ýurtlara gitmäge we şol ýerlerde işlemäge mejbur bolýar. Onda näme üçin gaty köp hytaýly Gyrgyzystana getirilip, iş bilen üpjün edilýär?

Busowal gyrgyzystanly aktiwistleriň we işçileriň kän gyzyklanýan soragy boldy. Olar hökümeti ilki bilen gyrgyz raýatlaryny iş bilen üpjün etmäge çagyrýarlar.

Gyrgyzystanyň gündogarynda ýerleşýän Naryn welaýatynyň Koçkor etrabynyň ýaşaýjysy, graždan aktiwisti Urmatbek Şergaziýew bu mesele barada şeýle diýýär:

“Gyrgyzystanyň ýönekeý raýaty bir meselä düşünip bilenok, ýagny häkimiýetler ýurduň içinde bar bolan iş orunlaryny näme üçin öz raýatyna berenok-da, daşary ýurt raýatlaryna berýär?”

“Ýurduň içinde ol iş orunlarynda işläre adam ýok däl, ýöne kompaniýalar gyrgyzlary işe alanok. Elbetde, adamlar Orsýete gidip, köçelerde iş gözläp entäp, kemsidilip ýörenilerinden, ýurduň içinde işlemegi gowy görýärler.”

Gyrgyzystanyň zähmet we migrasiýa ministrliginiň maglumatlaryna görä, Gyrgyzystanyň kwota sistemasynda registrasiýa edilen daşary ýurtly işgärleriň 70 göterimini hytaýlylar düzýär. Agzalýan ulgam her ýyl 13000 sany daşary ýurtly işçiniň ýurda gelip işlemegine mümkinçilik berýär.

Hytaýyň Bişkekdäki ilçihanasy bolsa, häzir ýurduň içinde bilelikde döredilen gyrgyz-hytaý kompaniýalarynda, bazarlarda, restoranlarda we Gyrgyzystandaky beýleki käbir iş ýerlerinde 20000 sany hytaýlynyň işleýändigini aýtdy.

Gyrgyzystanda 50 müň hytaýly işleýär

Ýöne ýerli hünärmenleriň aýtmaklaryna görä Gyrgyzystanyň çäginde zähmet çekýän hytaýlylaryň sany has köp. Ozal zähmet we migrasiýa ministri bolup işlän Aýgül Ryskulowanyň aýtmagyna görä, häzir ýurduň çäginde 50000 töweregi hytaýly zähmet çekýär.
Kurpolduk obasynyň adamlary hytaý-gyrgyz altyn kompaniýasynyň işgärleri bilen duşuşýar. Çuy welaýaty.
Kurpolduk obasynyň adamlary hytaý-gyrgyz altyn kompaniýasynyň işgärleri bilen duşuşýar. Çuy welaýaty.

Tankytçylaryň aýtmaklaryna görä, ýokarda agzalýan san işsizlik problemsyndan ejir çekýän Gyrgyzystan üçin gaty köp. Bäş ýarym milionlyk gyrgyz ilatynyň her ýyl 500 müňi iş gözleginde Gazagystana ýa-da Orseýete gidýär.

Ýagdaýyň şeýledigine garamazdan, resmi maglumatlara görä, Gyrgyzstanyň işe ýaramly ilatynyň diňe 8%-i işsiz. Bişkekli ykdysatçy Azamat Akelewiň aýtmagyna görä, resmi statistika hakykaty görkezmeýär.

“Mysal üçin, Orseýtde wagtlaýyn we döwürleýin işlerde zähmet çekýänler hem resmi statistikada “iş bilen doly üpjün edilen” diýlip görkezilipdir. Ýöne aslynda welin, olar ýurduň içindäki işsizlikden kösenip, ýurdy terk etmäge mejbur bolupdylar” diýip, Akelew aýtdy.

Ýöne käbir adamlaryň aýtmaklaryna görä, Gyrgyzystanda daşary ýurtlylara berilýän iş orunlaryna gyrgyzlaryň özleriniň isleg bildirmeýändigi adylýar.

"Hytaýlylar agyr işleýärler"

Zähmet we migrasiýa ministriniň metbugat wekili Doskul Bekmürzäýew Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna beren gürrüňinde gygyzlaryň aglaba böleginiň Orsýetde döwürleýin işlerde işläp, az wagtyň içinde köp pul gazanmak isleýändigini aýtdy. Ol bu mesele barada şeýle gürrüň berdi:

"Siz bilelikdäki hytaý–gyrgyz kompaniýasynyň gurýan Bişkek-Torugart garaýolunyň üsti bilen Yssyköle gitseňiz, ýolda özüňiz görersiňiz, hytaýlylar ir ertirden turup işe başlaýarlar. Ol ýeriň işi agyr. Men tarap tutamok, ýöne bärde iş şertleri kyn bolansoň, biziň raýatlarymyz iş gözläp, Orseýete gidýärler.”

Isleg bildirilýän köp sanly iş orunlary, daşary ýurtly kompaniýlar bilen gol çekişilen iş şertnamalarynyň esasynda, daşary ýurtly işçilere berilmeli bolýar.

Transport we aragatnaşyk mininistrliginiň daşary ýurtly maýa goýumlary bölüminiň alyp barýan işlerine syn edýän Soltan Sarigaýew şeýle diýýär:

“Hytýaly maýadarlar käbir iş orunlary üçin ýörite hünärmen getiýärler. Agzalýan iş ýerlerindäki iş orunlaryny ýerli halka bermek, daşyndan görnüşi ýaly, aňsat iş däl. Hytaýlylar öz firmalarynyň maşynlaryny özleri getirýärler we ýany bilen inženerlerini, ýörite taýýarlykly hünärmenlerini hem alyp gelýärler.”

Bilelikdäki gyrgyz-hytaý kompaniýalary köplenç elýeterli iş orunlarynyň 70 göterimini hytaýly işçilere, galan 30%-ini ýerli halka berýärler.

Zähmet we migrasiýa ministri Alýasbek Alymkulowyň aýtmagyna görä, hytaýly maýadarlar bilen baglaşylýan islendik iş şertnamalarynda ýerli işçileriň bähbidi birinji orunda goýulýar.

Onuň sözlerine görä, bilelikdäki gyrgyz-hytaý taslamalarynda, mysal üçin, Bişkegiň günbataryndaky nebiti gaýtadan işleýän Kara Balta zawodynyň gurluşygynda we ýurduň demirgazygyndaky Çuý welaýatynyň elektrik toguny geçiriji stansiýanyň gurluşygynda resmiler ýerli halkyň iş üpjünçiligine aýratyn üns berýärler.

Ýöne agzalan taslamalarda işleýän gyrgyz raýatlary birnäçe aý işläp, işiň agyrlygyndan we aýlyk hakynyň pesliginden şikaýat edip, iş taşlapdyrlar.
XS
SM
MD
LG