Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý "talaplary" barada gürrüň berýär


Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň hem-de Maşal Radiosynyň müdiri Akbar Aýazi prezident Hamit Karzaý bilen söhbetdeşlik geçirýär. 26-njy noýabr, 2013 ý.
Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň hem-de Maşal Radiosynyň müdiri Akbar Aýazi prezident Hamit Karzaý bilen söhbetdeşlik geçirýär. 26-njy noýabr, 2013 ý.
Owgan prezidenti Hamit Karzaý Birleşen Ştatlar bilen Owganystanyň arasyndaky howpsuzlyk boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyga 2014-nji ýylyň aprel aýynda geçiriljek prezident saýlawlaryndan öň gol çekip bolmajakdygyny aýtdy.

Ýöne Loýa Jirga, ýagny Owganystanyň ýaşulular geňeşi ylalaşyga 2013-nji ýylyň ahyryna çenli gol goýulmaly diýdi. 26-njy noýabrda Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň hem-de Maşal Radiosynyň müdiri Akbar Aýazi paýtagt Kabulda prezident Hamit Karzaý bilen ýörite gürrüňdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Jenap prezident, siz Owganystan bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky ikitaraply howpsuzlyk ylalaşygy boýunça meseleleri maslahatlaşmak üçin Loýa Jirga geňeşiniň agzalaryny maslahata çagyrdyňyz. Indi Loýa Jirga bilen geçiren maslahatyňyz tamamlandy. Geňeşiň gelen netijesi sizi kanagatlandyrýarmy? Siz maslahat geçirmek bilen öz maksadyňyza ýetdiňizmi?

Hamit Karzaý: Owganystanlylar Birleşen Ştatlar bilen ylalaşmaly diýen netijä geldiler. Loýa Jirga hem bu pikiri goldamak bilen oňyn iş bitirdi. Biz bu ylalaşyk halkyň peýdasyna bolar diýip pikir edýäris.

Ýöne biziň aladamyz, owgan maşgalalarynyň öýleriniň howpsuzlygyny kepillendirmek. Amerikanlar owgan öýlerine hüjüm etmegi bes etmeli. Biziň beýleki bir şertimiz – Owganystanda parahatçylyk. Eger-de parahatçylyk gazanylmasa, onda bu ylalaşyk Owganystan üçin bagtyýarlyk däl-de, betbagtçylyk bolar.

Azatlyk Radiosy: Jenap prezident, Loýa Jirga ylalaşyk taslamasyna ýene-de 36 maddanyň goşulmagyny teklip etdi. Geňeşiň teklip eden şertleriniň biri hem siziň ylalaşyga 2013-nji ýyl tamamlanmanka, gol çekmegiňiz. Loýa Jirga geňeşiniň başlygy, ozalky prezident Sibgatullah Mojadiddi hem sizden şu şertiň ýerine ýetirilmegini talap etdi. Diýmek, siz agzalýan şertleri ylalaşyk taslamasyna goşup, oňa 2013-nji ýyl soňlanmanka gol goýarsyňyzmy?

Hamit Karzaý: Men owgan maşgalalarynyň öýlerine amerikan harbylarynyň edýän hüjümleriniň soňlanmagyny we ýurtda sözüň doly manysyndaky parahatçylyk syýasatynyň ornaşdyrylmagyny talap etdim. Şu talaplaryma amerikanlar razy bolsa, men ylalaşyga gol çekmäge taýýar. Haçan-da şu talaplar berjaý edilse, şonda owgan halkynyň aladasynyň edildigi bolar.

Saýlawlar barada aýdanymyzda, düýn agşam Birleşen Ştatlaryň Milli howpsuzlyk maslahatçysy Sýuzan Raýs biziň ýurdumyzda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna özleriniň gatyşmajakdygyna kepil geçdi.

Amerikan häkimiýetleri hem Owganystandaky saýlawlaryň öz wagtynda geçirilmegini isleýärler. Galyberse-de, olar bizde geçiriljek saýlawlaryň ilkinji tapgyrda netije bermegini isleýärler, ýöne eger beýle bolmadyk ýagdaýynda-da, ýagny saýlawlar ikinji tapgyrda dowam edäýende-de, olar prosesi özleriniň goldajakdyklaryny aýdýarlar. Amerikanlar bu meselelere kepil geçýändiklerini aýdýarlar, ýöne durmuş ýüzünde nämeler bolar, ony wagt görkezer.

Azatlyk Radiosy: Ýagny, siz Birleşen Ştatlaryň Milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Sýuzan Raýsyň, Owganystandaky saýlawlaryň erkin we adalatly geçirilmegine Birleşen Ştatlaryň kömek bermegi wada edendiklerini aýtjak bolýarsyňyzmy?

Hamit Karzaý: Men Birleşen Ştatlaryň howpsuzlyk boýunça maslahatçysyna ýagdaýy düşündirdim, ýurdumyzda geçirilen soňky saýlawlar barada gürrüň berdim. Amerikanyň we günbatar ýurtlarynyň geçen gezekki saýlawlarymyza goşulyşy barada, olaryň saýlawlary saklaýşy we birinji tapgyryň seslerini äsgermeýişleri barada gürrüň berdim.

Şeýle ýagdaýy başdan geçirenim üçin we Owganystanyň prezidenti hökmünde öňümizdäki ýyl geçiriljek saýlawlaryň aladasyny etmeklik, oňa daşary ýurtlularyň goşulmazlygyny üpjün etmeklik meniň borjum.

Howpsuzlyk maslahatçysy öňümizdäki saýlawlara hiç kimiň goşulmajakdygyna özüniň güwä geçýändigini maňa aýtdy. Diýmek, häzirlikçe mende güwänama bar. Ýöne hakykat ýüzünde olaryň meselä goşulyp-goşulmajakdygyny wagt görkezer. Şonuň üçin bu barada saýlawlardan soň gürrüň edeliň.

Azatlyk Radiosy: Siz Loýa Jirga maslahatynda owganystanlylaryň öýlerine edilýän hüjümleriň bes edilmegini talap edýändigiňizi, prezidentlik saýlawlarynyň erkin hem-de adalatly geçirilmegine kömek soraýandygyňyzy, şeýle-de ýurtda sözüň doly manysyndaky parahatçylygyň ornaşdyrylmagynyň aladasyny edýändigiňizi aýtdyňyz. Ýöne bize gelip gowuşýan habarlardan çen tutsaň, siz Birleşen Ştatlaryň Milli howpsuzlyk maslahatçysy bilen eden gürrüňiňizde ondan Guantanamada saklanýan 17 tussagyň boşadylmagyny sorandygyňyz hem aýdylýar. Bu çynmy? Siz ondan näme talap etdiňiz?

Hamit Karzaý: Bu aslynda Loýa Jirganyň talabydy. Eger-de siz Loýa Jirganyň teklip eden goşundy maddalaryndan 29-njy madda içgin seretseňiz, onda şeýle diýilýär, ýagny Amerika Guantanamada saklanýan tussaglary derhal boşatmaly we olary Owganystana gaýtaryp bermeli diýilýär.

Eger-de amerikanlar Loýa Jirganyň kararlaryny durmuşa geçirmek isleýän bolsalar, onda Loýa Jirganyň bir teklibi ylalaşyga derhal gol goýulmagy, beýleki teklibi bolsa owgan tussaglarynyň erkinlige goýberilmegi. Olar bir teklibe jogap berip, beýlekisini äsgermäni bilmezler. Beýle ýagdaý kabul ederliksiz.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, amerikanlar näme üçin ylalaşyga gysga wagtyň içinde gol goýmak isleýärler?

Hamit Karzaý: Amerikanlaryň öz maksatlary we planlary bar. Olaryň planlary näme bolsa şol bolsun, ýöne biziň hem öz bähbitlerimiz we meýilnamalarymyz bolmaly. Biz amerikanlara owgan halkynyň olar bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak isleýändigini we olar bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýändigini görkezdik. Biz olara garşy däl.

Ýöne owganystanlylar dostlukly gatnaşyk we hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda öz bähbitlerini hem goramak isleýärler. Biz Amerikanyň bähbitlerine garşy gidemzok, ýöne öz ata Watanymyzy, ene topragymyzy goramak isleýäris.

Biziň ýurdumyzyň bähbitleri näme? Biziň esasy aladamyz owganystanlylaryň öýleriniň amerikan hüjümlerinden halas bolmagy, biziň aladamyz: gijeki gurnalýan reýdlerden owgan halkynyň halas bolmagy, halkyň biderek ejir çekmeginiň öňüniň alynmagy. Şonda owganystanly çagalar we aýallar Amerikanyň bombalaryndan we dikuçarlaryndan gorkup, gijäniň tümlüginde öýlerini terk etmeli bolmazlar.

Siziň özüňiz gowy bilýänsiňiz, soňky birnäçe ýylyň dowamynda adamlar öz çagalaryny we aýallaryny amerikanlaryň gijeki hüjümlerinden goramak üçin daga alyp gitdiler. Eger biziň halkymyz amerikan harbylarynyň hüjümlerinden gorkup, öýüni terk etmäge mejbur bolýan bolsalar, onda nädip sen Amerika bilen howpsuzlyk ylalaşygyna gol çekjek.

Diýmek, eger-de Amerika biziň bilen howpsuzlyk şertnamasy boýunça ylalaşyga gelmek isleýän bolsa, onda olar owganystanlylaryň öýleriniň howpsuzlygyna üns bermeli. Olar owganystanly çagalaryň, erkek adamlaryň we aýallaryň öz öýlerinden sag-aman girip-çykmaklaryna rugsat bermeli.

Azatlyk Radiosy: Jenap prezident, 25-nji noýabrda siz Birleşen Ştatlaryň howpsuzlyk maslahatçysy Sýuzan Raýs bilen geçiren duşuşygyňyzdan soň amerikaly resmi özi bilen geçirilen bir gürrüňdeşlikde, eger siz ylalaşyga gelmeseňiz, onda Waşington 2014-nji ýylyň ahyryna çenli Owganystandan ähli goşunlaryny çykarmaly bolar diýipdir. Siziň hem bilişiňiz ýaly, Amerika Owganystanyň howpsuzlygyny güýçlendirmek üçin milliardlarça dollar pul serişdesini sarp edýär. Siz Amerikanyň 8-9 milliard dollarlyk pul kömeginden el çekmäge taýýarmy?

Hamit Karzaý: Bu olaryň öz işi. Gidesleri gelse, giderler, galmak isleýän bolsalar, galarlar. Biz olar bilen müň sany ylalaşyga gol goýsagam, eger peýda görmeýän bolsalar, olar barybir giderler.

Olar 90-njy ýyllarda-da şeýdipdiler. Men şol wagtlar daşary işler ministriniň orunbasary bolup işleýärdim. Men şonda Sowet Soýuzy öz goşunlaryny Owganystandan çekensoň, Günbataryň nädip ýurdumyzy terk edişine şaýat boldum.

Men olara iň bolmanda ilçihanaňyzda birje sany adam goýup gidäýiň diýip jowranypdym. Olar bolsa ilçihanalaryny ýapyp, ýurdy terk edipdiler. Diýmek, olar peýda görmejek bolsalar, asla bu ýerlere dolanmazlar.

Eger bu günki gün Amerika Owganystanda galmak isleýän bolsa, onda, diýmek, olaryň bu ýerde öz bähbitleri bardyr. Bu, belki, howpsuzlyk boýunça olaryň bähbididir ýa-da munuň arkasynda ykdysady matlaplar bardyr. Garaşsyz hem-de özbaşdak millet hökmünde biziň hem öz bähbitlerimizi goramaga hukugymyz bar.

Azatlyk Radiosy: Siz Loýa Jirgada eden çykyşyňyzda Owganystandaky parahatçylygyň Birleşen Ştatlara we Pakistana baglydygyny aýtdyňyz. Şu ýagdaýy has giňişleýin düşündirip bilermisiňiz?

Hamit Karzaý: Munuň köp sebäpleri bar we men olary subut hem edip bilerin, ýagny häzirki wagtda Owganystanda dowam edýän uruş biziň üstümize atylýar we owgan halky kimdir biriniň bähbitleri üçin özüni pida etmeli bolýar.

Biz Birleşen Ştatlaryň ýa-da beýleki güýçli döwletleriň bähbitlerine badak atamzok. Ýöne biz ýekeje zady talap edýäris, ýagny eger-de sen Owganystanyň üsti bilen nähilidir bir peýda görýän bolsaň onda sen owgan halkynyň bähbitlerine-de gulak asmaly bolarsyň. Biz şondan başga zady talap edemzok.

Azatlyk Radiosy: Jenap prezident, ýagny siz Owganystanda häzir dowam edýän durnuksyzlyga Pakistan we Birleşen Ştatlar jogapkär diýjek bolýarsyňyzmy? Olar ýurduň durnuklylygy üçin bu ýerde bir zatlar edip bilerlermi?

Hamit Karzaý: Esasan, şolar jogapkär. Ýöne, elbetde, owgan hökümetiniň hem belli bir derejede jogapkärçiligi bar. Biziň gowşak taraplarymyz we hatalarymyz şowsuzlygyň bir bölegi.

Ýöne siziň özüňiz hem gowy bilýärsiňiz, Pakistan – iň uly terrorist toparlarynyň esasy mesgeni. Birleşen Ştatlaryň hut özi hem Pakistana terrorislteriň öýjügi diýýär.

Amerikada gazet-žurnallar Birleşen Ştatlaryň şertnamalarynyň käbir ýaragly toparlary güýçlendirendigi barada yzly-yzyna habarlary ýazýarlar. Olar näme üçin şol şertnamalary baglaşýarlar?

Men mundan alty-ýedi ýyl ozal şu hususy kompaniýalar meseleleri boýunça Birleşen Ştatlar bilen köp sanly düşünişmezlikleri başdan geçirdim. Bu hususy howpsuzlyk şirketleri kime degişli we näme üçin men olara garşy gitdim?

Şol hususy howpsuzlyk şirketleriniň hemmesini amerikanlar goldaýarlar, olar bilen türgenleşik geçýärler. Agzalýan şirketlere ýylda 2 milliard dollar pul serişdesi berilýär. Olaryň esasy işi amerikanlaryň üpjünçilik ýasawullaryny goramak, ýöne aslynda olar durnuksyzlygyň esasy sebäpleri.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, Owgansytanyň howpsuzlyk güýçleri öz başlaryna "Talybana" garşy göreşip bilerlermi? Bu ýagdaýdan baş alyp çykyp bilerlermi?

Hamit Karzaý: Bu biziň jogapkärçiligimiz. Biziň hemmämiz owganystanly we biz birek-biregi oňat tanaýarys. "Talyban" bilen uruşmalymy ýa-da olar bilen oňuşmalymy – bu biziň öz işimiz.

Geçen ýyl men Waşingtona sapar edenimde, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen duşuşmagymdan bir gün öň men onuň howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Tom Donilon we Ak tamyň beýleki käbir ýokary derejeli resmileri, generallary we howpsuzlyk gullugynyň işgärleri bilen duşuşyk geçirdim.

Şonda maňa Milli howpsuzlyk maslahatçysy: “Talyban” biziň duşmanymyz däl we biz olar bilen uruşmak islämzok” diýipdi. Men hem: “Bu örän ajaýyp. Ynha, biziň isleýän zadymyz hem şoldy. Şonuň üçin biz sizi birnäçe ýyldan bäri adamlary bombalamagyňyzy we Owganystanyň içinde adamlar bilen uruşmagyňyzy bes etmäge çagyrýardyk. Diýmek, eger-de siz "Talybana" duşman hökmünde garamaýan bolsaňyz, onda näme üçin siz olar bilen uruşýarsyňyz, näme üçin her gije owgan maşagalalarynyň öýlerine hüjümler guraýarsyňyz? Meniň özümem size “Talyban” duşman däl” diýip aýtjak bolup ýördüm, muny şeýle kabul edeniňize begendim. Ýöne siz "Talyban" toparyny duşman hökmünde görmeýän bolsaňyz, onda näme üçin siz "Talybany" gözläp owgan halkynyň öýlerine hüjüm edýärsiňiz?” diýipdim.

Bu ýagdaý howpsuzlyk ylalaşgyndan soň hem dowam etjek bolsa, men munuň şeýle bolmagyna asla rugsat berip bilmerin. Howpsuzlyk ylalaşygy bilen amerikan operasiýalary soňlanmaly.
XS
SM
MD
LG