Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosniýa-Hersogowina: Jenaýat başlygyna 40 ýyl berildi


Bosniýa-Hersogowinada jenaýatçy toparyň başlygy bolmakda aýyplanýan adam, adam öldürmekde we talaňçylykda günäli tapylyp, 40 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Bu höküm penşenbe güni, Saraýewoda bir sudýa tarapyndan çykaryldy.

Sülçüler Ziýad Turkowiçi azyndan bäş adamyň öldürilmegi, şol sanda göwreliň aýalyň ölümi, bir million ýewrodan gowrak baha durýan talaňçylyk bilen ilteşikli tapdylar.

Onuň iş şärigi Milenko Lakiç hem 40 ýyl tussaglyga höküm edildi.

Olaryň ýene üç iş şärigine 12 ýyldan tussaglyk hökümi çykaryldy.
XS
SM
MD
LG