Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen lideri Taýlanda saparyny yza süýşürdi


Türkmenistanyň prezidenti Taýlanda planlaşdyran resmi saparyny geljek ýyla goýýar.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow anna güni geçirilen hökümet maslahatynda prezident G.Berdimuhamedowyň Taýland patyşalygyna planlaşdyrylan resmi saparynyň geljek ýyla geçirilýändigini habar berdi.

Türkmen telewideniýesiniň maglumatyna görä, «häzirki wagtda bu sapara taýýarlyk görmegiň barşynda bu ugurda goşmaça işleri geçirmegiň, resminamalaryň üstünde has netijeli işlemegiň zerurlugy ýüze çykdy».

Habarlardan mälim bolşy ýaly, Taýlandda dowam edýän halk protestlerinde premýer-ministriň işden çekilmegi talap edilýär.
XS
SM
MD
LG