Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Dissident Natalýa Gorbanewskaýa aradan çykdy


Ozalky Sowet Soýuzynyň iň tanymal dissidentleriniň biri Natalýa Gorbanewskaýa aradan çykdy. Ol Parižde, 77 ýaşynda ýogaldy.

Gorbanewskaýa 1968-nji ýylda, Sowet goşunlarynyň Çehoslowakiýa salynmagyna garşy Moskwanyň Gyzyl meýdanynda guralan proteste gatnaşany üçin tussag edildi.

Ol 1972-nji ýyla çenli ruhy hassahanada saklandy. Soň ol Günbatara emigrasiýa gitmäge mejbur edildi.

Gorbanewskaýa şu ýylyň başynda, 1968-nji ýylda sekiz adamyň gatnaşmagynda geçirilen protestiň 45 ýyllygyna gabat, Gyzyl meýdanda ýene bir proteste gatnaşdy.

Ol şahyr we terjimeçidi, Sowet Soýuzyndaky hukuk bozulmalaryny dokumentleşdiren «Häzirki wakalaryň hronikasy» atly neşiri esaslandyryjylaryň biri bolupdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG