Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkent: Regional howpsuzlyk maslahat edilýär


Orsýetiň Merkezi Aziýa we Owganystan boýunça wekilleri sişenbe güni Daşkentde duşuşyk geçirip, halkara goşunlarynyň Owganystandan çykarylmagyna görülýän taýýarlyklar bilen baglylykda regionyň howpsuzlyk ýagdaýyny ara alyp maslahat edýärler.

Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Krasinyň bu maslahata ýolbaşçylyk edýändigi barada habar berildi.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi Daşkentdäki bu duşuşyga Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleriniň gatnaşýandygyny habar berdi.

Häzirki wagtda Özbegistanyň daşary işler ministri ABŞ sapar edýär.

Orsýetiň “Kommersant” gazetinde çap bolan söhbetdeşlikde Orsýetiň Täjigistandaky wekili Igor Lýakin-Frolow halkara goşunlarynyň Owganystandan çekilmeginden soň Orsýetiň Täjigistandaky harby bazasynyň tutuş Merkezi Aziýa ýaýbaňlanmagyny çak edýär.
XS
SM
MD
LG