Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Dartgynlylyk güýçlenýär


Ukrainanyň regionlar partiýasy müňlerçe tarapdaryny köçä çykarmagy planlaşdyrýar. Ençeme hepdäniň dowamynda Kiýewiň merkezi Garaşsyzlyk meýdançasynda oppozisiýa protest geçirýär. Munuň golaýynda ýerleşýän Ýewropa meýdançasynda prezident Wiktor Ýanukowiçiň tarapdarlarynyň hem ýygnanyşmagyna garaşylýar.

Kiýewiň polisiýasy gapma-garşylykdaky toparlary bir-birinden aýra saklajakdygyny aýtdy.

Prezident Ýanukowiçiň geçen aýda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada ylalaşyga gol çekmekden boýun gaçyrmagy Ukrainada köpçülikleýin protestleri döredipdi.

Anna güni Ýanukowiç oppozisiýa bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda ýurtda emele gelen krizisden çykalganyň tapylandygy barada habar berilmedi. Prezident hökümeti dargatmak we täze saýlawlary geçirmek barada oppozisiýanyň öňe süren talaplaryny ret etdi.
XS
SM
MD
LG