Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

GDA-nyň missiýasy saýlawlaryň asuda geçýändigini aýtdýar


GDA-nyň gözegçiler missiýasynyň Aşgabatdaky ştabynda AÝ/AR-na aýtmaklaryna görä, Türkmenistanyň Mejlisine saýlawlar “häzir asuda geçýär”.

Bu maglumata görä, 15-nji dekabrda Türkmenistanda geçýän parlament saýlawlaryna GDA guramasynyň 68 sany gözegçisi syn edýär. Olaryň “toparlara bölünip, saýlawlaryň geçişine ýurduň ähli welaýatlarynda” syn edýändigini GDA guramasynyň gözegçiler missiýasynda aýtdylar.

Missiýanyň düzümine Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystany, Orsýetiň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň, şeýle-de Belarus-Orsýet birleşiginiň Parlament bileleşiginiň hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri girýärler.

Saýlawlar 2 446 saýlaw nokadynda geçýär, 33 saýlaw nokady Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda ýerleşýär.

GDA-nyň gözegçileri Türkmenistandaky saýlaw kampaniýasynyň gidişine 27-nji noýabrda syn edip başladylar. Missiýa kampaniýanyň alynp barlyşyna “guramaçylykly” diýip baha beripdi.

Türkmenistanyň parlament saýlawlaryna daşary ýurtly gözegçilerden ÝHHG-nyň Demokratik institutlary we adam hukuklary edarasynyň we Parlament Assambleýasynyň gözegçiler missiýalary hem syn edýärler.
XS
SM
MD
LG