Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong-Unyň daýzasy ýurduň iň täsirli resmileriniň biri bolan öz adamsyny jaýlamak boýunça döwlet komissiýasynyň agzasy edilip bellendi. Bu habary ýurduň KCNA döwlet agentligi şenbe güni agşam habar berdi.
Geçen anna güni dönüklik sebäpli jezalandyrylan Jang Song Thaegyň aýaly Kim Kyong-Hui Demirgazyk Koreýanyň häzirki lideriniň kakasy Kim Çen Iriň kiçi gyz doganydyr. Onuň ady ýurduň ýokary derejeli syýasy we harby resmileriniň uly toparynyň düzüminde agzaldy.
Ýadro ýaragyna eýe bolan bu kommunistik döwletiň iň täsirli resmileriniň biri hasaplanan Jang Song Thaek häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanmakda, maliýe galplyklarda, humarly oýunlary oýnamakda, aýalbazlykda we neşekeşlikde aýyplanyp wezipesinden çetleşdirilipdi.

Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!