Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jogaplar ugrundaky uzak ýol


HIV wirusly hassa keselhanada ýatyr. Kiýew. 2013 ý.
HIV wirusly hassa keselhanada ýatyr. Kiýew. 2013 ý.
Gyrgyzystanyň saglyk häkimiýetleri soňky ýyllarda ýurduň döwlet hassahanalarynda 300-den gowrak çaga HIV wirusynyň ýokaşandygyny aýdýarlar. Gyrgyzystanly bir ene ogluna bu wirusyň ýokaşmagyna sebäp bolan saglyk işgärlerini suda çekmek üçin üç ýylyny sarp etdi.

Gulýa atly gyrgyzystanly ýaş ene-de öz ogluna HIV wirusynyň ýokaşmagyna sebäp bolan lukmanlary suduň öňünde dikmek üçin üç ýyl gerek boldy. Efirde familiýasynyň tutulmagyny islemedik Gulýa agzalýan wirusyň lukmanlar tarapyndan ogluna gan goýberilende geçendigini aýdýar.

Operasiýa

2010-njy ýylyň awgust aýynda Kiýa etrabynyň etrap hassahanasynda onuň 4 ýaşly ogly kellesinden operasiýa edilýär. Operasiýadan birnäçe aý geçensoň, Bişkekde saglyk barlagyndan geçirilende, dört ýaşly oglanjykda AIDS keseline ýol açjak HIV wirusynyň bardygy anyklanýar.

"Meniň ogluma jemi 11 sapar gan goýberdiler. Birinji sapar goýberilen ganyň düzüminde wirus bar ekeni. Biz ony soň bilip galdyk” Diýip, Gulýa gürrüň berýär.

Ogluny ýeke özi ýetişdirýän Gulýa üçin bu entäk kynçylyklaryň başlangyjydy. Prokurorlar onuň oglunyň meselesi boýunça 2011-nji ýylda iş gozgadylar. Ýöne bu mesele boýunça häli bu güne çenli belli bir netijä gelinmänsoň, haraý sorap, Gulýa Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna ýüz tutmaly bolupdyr.

Gulýanyň ogly Gyrgyzystanda resmi taýdan “488 HIV-pozitiw” diýlip, dispanser hasabynda dur. HIV/AIDS boýunça milli merkeziň berýän maglumatlaryna görä, wirusly näsaglaryň 313 sanysyna bu wirus keselhanalarda ýokaşypdyr.

Gan donorlary

Ene-atalar we hökümete degişli bolmadyk “Älemgoşar” atly maglumat merkezi gan donorlaryň saglyk barlagyndan geçirilmeýändigni we saglyk gullukçylarynyň ulanýan sanjym iňňelerini ikinji sapar gaýtadan ulanýandyklaryny aýdyp, şikaýat edýärler.

Ýurtda HIV meselesi ilkinji gezek 2008-nji ýylda gozgalypdy. Şonda Oş welaýatynyň Nukat atly etrabynda 40-dan gowrak çaga bu wirus ýokaşypdy.

Şol wakadan soň saglyk pudagynyň köp sanly işgärleri “öz işlerine sowuk-sala” garandyklary üçin wezipeden boşadylyp, hatda türme tussaglygna höküm edilipdiler. Şonda tutuş ýurtda adamlar bu mesele bilen bagly aladalanma bildiripdiler.

Saglyk häkimiýetleri şertleri has gowulandyrmagy wada beren hem bolsalar şol bir ýagdaý 2011-nji ýylda ýene-de gaýtalandy we şonda 200 çaga HIV wirusynyň ýokaşandygy anyklanyldy.

HIV/AIDS milli merkezi hassahanalarda çagalara goýberilen ganyň düzüminde bu wirusyň bardygyny habar berdi.

Kompensasiýa

Şondan bäri köpsanly ene-atalar döwletden kompensasiýa talap edýär.

Gulýanyň berýän gürrüňlerinden çen tutsaň, oňa şol keselhananyň lukmanlary mesele suda baryp ýetmesin diýip, 8000 amerikan dollary möçberinde pul berjek bolupdyrlar.

Ol wakada ejir çeken Gulýa welin, oglunyň şeýle ýagdaýa düşmegine sebäp bolan lukmanlaryň hökman adalat öňünde jogap bermelidiklerini aýdýar.

Derňeweleriň netijesinden çen tutsaň, şol gün Gyzylgaýa etrabynyň keselhanasynda gan tabşyran bir erkek donoryň gany HIV pozitiw bolup çykypdyr. Şol donor ozal Orsýetde ýaşan ekeni.

Muňa garamazdan, lukmanlar haçan-da ol adam gan tabşyranda, onda HIV wirusynyň ýüze çykmandygyny aýdýarlar.

Prokuror Sanjar Abžalow saglyk gullugynyň işgärlerini öz işine sowuk-sala garamakda aýyplaýar: “Lukman bilen geçirilen gürrüňdeşlikde ol, eger bir adama bu wirus ýokaşan bolsa ony üç aýa çenli bilip bolmaýar diýipdi. Diýmek, gan tabşyran donorda näme üçin birinji sapar HIViň ýüze çykmandygyna düşünse bolýar. Ýöne onuň şol golaýda Orsýetden gelendigi hemmä mälimdi. Bu ýerde Orsýetden gelenler üç aý geçýänçä, “donor” bolup bilmeýärler.”

Galyberse-de, Gyzylgaýanyň lukmanlary Gulýanyň öňe sürýän aýyplamalaryny ret edip, onuň ogluna ýokaşan wirusyň “hut şol adamdan” ýokaşandygynyň anyk däldigini aýdýarlar. Şeýle-de Gyzylgaýa keselhanasynyň “gan tabşyrylýan” bölüminiň müdiri Keneş Abdymöminow Gulýanyň oglunyň bir wagtda iki sany keselhanadan bejergi alandygyny aýdýar we bu wirusyň oňa haýsy hassahanada ýokaşandygyny anyklamak kyn diýýär.

Resmi Bişkek döwlete degişli ähli hassahanalarda şeýle kemçilikleriň öňüni almak üçin degişli çäreleri görýändigini aýdýar.

HIV/AIDS milli merkeziniň başlygy Julys Askarow bu mesele boýunça şeýle gürrüň berýär: “Häzirki wagtda ýurduň çägindäki ähli keselhanalarda tejribeli hünärmenler zerur öňüni alyş çärelerini geçirýärler”.

Gulýa gezek gelende, bu çäreler, haýp, gijä galdy. Ýöne ol şonda-da umytdan düşenok. Ol öz ogly barada şeýle gürrüň berýär: “Meniň oglum elmydama şadyýan we ol köp gülýär. Men ony sowukdan we beýleki ýaramaz täsirlerden gorajak bolýaryn”.
XS
SM
MD
LG