Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wideo: Gyrgyz zenanyna sütem edilýär


Süteme sezewar edilen gyrgyz gyzyny görkezýän wideodan görnüş.
Süteme sezewar edilen gyrgyz gyzyny görkezýän wideodan görnüş.

Internetde gyrgyzystanly zenanyň Orsýetde öz watandaşlary tarapyndan urlup-ýenjilýändigini görkezýän wideo peýda boldy. Bu wideo gyrgyz migrantlarynyň arasynda zorlugyň tutaşmagyndan howatyrlanma döredýän wideolaryň diňe biridir.

Ar-namys diýlip edilýän sütemi görkezýän wideolar internetde adaty bir ýagdaý däl. Şol bir wagtda-da milletiň adyna ysnat getirýär diýlip, gyrgyz aýal-gyzlarynyň öz erkek watandaşlary tarapyndan urlup-ýenjilýän pursatyny görkezýän wideoýazgylar internetde yzygiderli peýda bolýar.

16-njy dekabrda ors dilindäki websaýtda peýda bolan soňky şeýle wideo ony görmäge isleg goýanok.

Hüjüm edýän adamlaryň özleri tarapyndan düşürilen bu wideoda bir ýaş gyrgyz zenanynyň Orsýetiň näbelli bir şäherinde ady belli bolmadyk demirýol stansiýasynda gyrgyz erkekleri tarapyndan erbet urlup-ýenjilýändigi görkezilýär.

Wideoda eşidilýän seslerde hüjümçiler bu zenany gyrgyz bolmadyk erkek adamlar, hususan-da, täjikler we özbekler bilen jynsy gatnaşykda bolmakda aýyplaýarlar.

Olaryň pidasynyň özüne azar berýänleri tanap-tanamaýandygy belli bolman galýar.

Bu wideo ýazgyda şol ýaş zenanyň süteme sezewar edilmeginden ozal şol adamlar bilen bir otluda gelendigi we gyrgyz erkekleriniň bu gyrgyz zenanynyň başga milletli bir adam bilen gepleşenini görendikleri mälim bolýar.

Seslerden çen tutsaň, wideoýazgyda gyrgyz erkekleri gyzy gyrgyzlary äsgermezlikde aýyplaýarlar we oňa seni mynjyradarys diýip, haýbat atýarlar.

Özüni Aýnagül diýip tanadan goragsyz we gorky astyndaky bu gyz özüniň bigünädigini gaýta-gaýta aýdýar. Iň soňunda ol özünden edilýän islendik talaby berjaý etmäge taýýardygyny we daşary ýurtlular bilen hiç wagt gepleşmejekdigini söz berip, ant içýär.

“Watançylaryň” ar-namysy

Aýnagüle edilen bu hüjüm soňky ýyllarda internetde peýda bolan we gyrgyzystanly zenanlara öz watandaşlary tarapyndan sütem edilýändigini görkezýän ençeme wideodan diňe biri.

Iň zorlukly wideolaryň ýene birinde gyrgyzystanly gyz gyrgyz bolmadyk tanşy bilen gepleşendigi üçin öz ýoldaşy hem onuň dostlary tarapyndan ýenjilýär.

Bu zenanyň soň AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy bilen söhbetdeşlikde gürrüň bermegine görä, ol şol hüjümiň netijesinde zorlanypdyr. Ýaş zenan özüne hüjüm eden adamlary suda beripdir.

Köp wideolarda aýallara hüjüm edýän adamlar özlerini aýal-gyzlaryň ar-namysyny goraýan gyrgyz “watançylary” hökmünde häsiýetlendirýärler. Emma şeýle hüjümleri guramaçylykly toparlar amala aşyrýarmy ýa-da aýry-aýry adamlar edýärlermi bu näbelli bolup galýar.

Gyrgyzystandaky reaksiýa

Şeýle wideolar Gyrgyzystanda uly nägilelik döretdi, döwlet resmileri şeýle hüjümleri namartlyk diýip atlandyrdylar. Emma hüjümçileriň özlerini ýaşyrmaklary, pidalaryň bolsa berk gorkuzylýandygy sebäpli şeýle hüjümleriň öňüni almak kyn bolýar.

Gyrgyzystanyň içeri işler ministri Ernis Osmonbaewiň Facebook sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazmagyna görä, Gyrgyzystan Orsýetiň häkimiýetlerine ýüz tutup, wakalary derňemegi haýyş edipdir.

Şol bir wagtda-da wideolaryň peýda bolmagy daşary ýurtlarda zähmet çekýän gyrgyz migrantlarynyň we olaryň öz ýurdunda galan maşgala agzalarynyň arasynda gorkulary güýçlendirdi. Orsýetde işleýän 600 müň gyrgyzystanlynyň 40%-iniň zenanlardagy aýdylýar. Olaryň köpüsi maşgalasyndan aýralykda ýaşaýarlar we olara hemişe sütemiň we jynsy zorlugyň pidasy bolmak howpy abanýar.
XS
SM
MD
LG