Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Eýran babatynda sanksiýalara garşy


Ak Tam prezident Barak Obamanyň ABŞ-nyň Eýran babatynda islendik sanksiýalara gadagançylyk girizjekdigini aýtdy. Bu barada penşenbe güni 26 senatoryň ýagny Senatyň agzalarynyň dörtden bir böleginiň Eýrana garşy täze sanksiýalary girizmek barada kanuny öňe sürmeginiň yzýany yglan edildi.

Respublikan we Demokratik partiýalaryň hersinden 13 senator tarapyndan goldanan bu çäreler Eýranyň noýabr aýynda dünýä ýurtlary bilen baglaşan wagtlaýyn ylalaşykda görkezilen şertleri bozan ýagdaýynda Eýranyň ykdysadyýetine zarba urujy sanksiýalaryň girizilmegini göz öňünde tutýar.

Ak Tamyň metbugat-wekili Jaý Karneý bu kanuny zerur bolmadyk we zyýan beriji diýip atlandyrdy we munuň häzir dowam edýän gepleşiklere zeper ýetirmeginiň ähtimaldygyny belledi.

Senatyň kanuny öňe sürmegi Eýranyň we dünýäniň iň täsirli alty ýurdunyň wekilleriniň penşenbe güni Ženewada geçiren gepleşiklerine gabat geldi.
XS
SM
MD
LG