Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kalaşnikow aradan çykdy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we ýurduň beýleki ýokary wezipeli resmileri ýarag dörediji Mihail Kalaşnikowyň maşgalasyna gynanç bildirdiler. Kalaşnikow agyr keseliň netijesinde duşenbe güni aradan çykdy.

AK-47 awtomaty döreden Mihail Kalaşnikow Ižewsk şäherinde 26-njy dekabrda jaýlanar. Bu barada Udmurtiýa regionynyň administrasiýasy habar berdi.

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew Kalaşnikowyň ölümini “ýurt üçin öwezini dolup bolmajak ýitdi” diýip atlandyrdy. Ýurduň goranmak ministri Sergeý Şoýgu bolsa Kalaşnikowy “watanyna janyny aýaman gulluk etmegiň nusgasy” diýip häsiýetlendirdi.

Kalaşnikow AK-47 awtomatyny 1947-nji ýylda döredipdi. 1949-njy ýylda bu ýarag Sowet Soýuzynyň ýaragly güýçlerine ulanylyşa berilipdi.

Häzirki wagtda 100 milliona golaý AK-47 ýaragynyň dolanyşykda bolmagy çak edilýär.
XS
SM
MD
LG