Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wolgograd: Bombaçy wokzala zarba urdy


Wolgograd şäheriniň demirýol wokzaly, 29-njy dekabr, 2013.
Wolgograd şäheriniň demirýol wokzaly, 29-njy dekabr, 2013.
Orsýetiň günortasynda ýerleşýän Wolgograd şäheriniň demirýol wokzalynda bolan bomba partlamasy zerarly azyndan 15 adam wepat boldy we onlarça adam ýaralandy. Ozalky maglumatlarda heläk bolanlaryň sany 18 adam diýilip habar berilipdi.

Orsýetiň Terrora garşy komitetiniň ýekşenbe güni atmagyna görä, partlama öz janyndan geçen hüjümçi tarapyndan amala aşyrylypdyr.

Regional resmiler öz janyndan geçen zenanyň Wolgogradyň esasy demirýol stansiýasynyň girelgesinde metaly anyklaýan detektoryň golaýynda öz ýanyndaky partlaýjy gurallary işledendigini we partlamanyň ýolagçylaryň köp bolan wagtyna gabat gelendigini aýtdylar.

Şäheriň ýagdaýy

Wolgograd şäheriniň häkimi Irina Gusewa parlama barada şeýle diýdi: “Demirýol wokzalynyň girelgesindäki metaly anyklaýan guralda partlama boldy. Adamlar wepat boldy, ýaralananlar hem bar. Olar keselhanalara iberilýärler. Biz häzir otlylaryň ugurlaryny üýtgetmäge çalyşýarys, sebäbi otlylar gelip durlar. Biz şäherde döwulyň döremegine ýol bermeris. Şäherde durmuş öz ugruna barýar. Ýagdaý çylşyrymly, sebäbi ýaralananlaryň arasynda çagalar hem bar, olar keselhana iberildi”.

Wolgograd regionynyň Saglyk departamenti onlarça adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin kanuny goraýjy edaralara hüjümden soň howpsuzlygy üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Howpsuzlyk we resmi çäreler

Bu hüjüm 2014-nji ýylyň fewral aýynda Soçide boljak olimpik oýunlarynyň öňüsyrasynda ýurtda terrorçylygyň güýçlenmegi bilen bagly howatyrlanmalary artdyrdy. Wolgograd şäheri oktýabr aýynda hem öz janyndan geçen zenan tarapyndan hüjüme sezewar edilipdi. Şol zenanyň Demirgazyk Kawkazda hökümet goşunlaryna garşy söweşýän yslamçylar bilen gatnaşygynyň bolandygy aýdylypdy.

Wolgograd regionynyň häkimi Sergeý Boženow hüjümden soň şäheriň asudadygyny aýtdy: “Men demirýol meýdançasynda durup, adamlar bilen gepleşýärin. Ilatyň arasynda howsala ýok. 1-nji ýanwardan başlap 3-nji ýanwara çenli Wolgograd regionynda matam tutular”.

Emma bolan wakalaryň şaýady Stanislaw “Rossiýa 24” telekanaly bilen söhbetdeşliginde Wolgogradyň dowula düşendigini gürrüň berdi: “Şäherde dowulyň turandygyny görmek mümkin. Şäheriň merkezine hem baryp, hem-de ol ýerden çykyp bolmaýar”.

Hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmady. 2013-nji ýylyň başynda çeçen gozgalaňçysy Doku Umarow Soçi oýunlarynda hüjüm etmek barada haýbat atypdy.
XS
SM
MD
LG