Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Yslamçylara garşy söweş gidýär


Yrakda howpsuzlyk güýçleri Al-kaýda ýakyn bolan söweşijileriň müňlerçesi bilen söweşýärler. “Yrak yslam döwleti” atly toparyň we “Lewant” atly toparyň söweşijileri bilen çaknyşyklaryň Anbar welaýatynyň Fallujan we Ramadi şäherlerinde bolandygy barada habar berildi.

“Frans press” agentligine görä Ramadi şäherindäki söweşler penşenbe güni agşam biraz gowşapdyr, emma häkimiýetleriň şäheri doly öz gözegçiliginde saklap-saklamaýandygy nämälimligine galýar.

Anbar welaýatyndaky söweşler hepdäniň duşenbe güni howpsuzlyk güýçleri Ramadi şäheriniň golaýynda protest lagerini dargadansoň başlanypdy we sünni araplaryň hem hökümet başyndaky şaýylaryň arasynda dartgynlylygy güýçlendiripdi.

Penşenbe güni agşam Bagdaddan 70 kilometr uzaklykda ýerleşýän Balad Ruz atly şäherde içi bombaly ýük maşyn partlady, netijede azyndan 19 adam wepat boldy we 37 adam ýaralandy.
XS
SM
MD
LG