Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew: Öňki içeri işler ministri ýaralandy


Ukrainanyň öňki içeri işler ministri Ýuriý Lutsenko, Kiýew, 11-nji ýanwar, 2014.
Ukrainanyň öňki içeri işler ministri Ýuriý Lutsenko, Kiýew, 11-nji ýanwar, 2014.
Ukrainanyň öňki içeri işler ministri, häzir oppozision lider Ýuriý Lutsenko keselhananyň agyr hassalar üçin ýörite bölüminde saklanýar. Lutsenko Kiýewde polisiýa bilen çaknyşykda ýaralandy.

Lutsenkonyň aýalynyň we “Üçünji ukrain respublikasy” atly guramanyň aýtmagyna görä, şenbe güni 49 ýaşly Lutsenkonyň kellesine zarba urulyp, onuň beýnisi sarsypdyr.

Ukrainanyň parlamentiniň adam hukuklary boýunça ýörite wekili 11 protestçiniň ýaralanandygyny, olaryň ikisiniň, şol sanda Lutsenkonyň keselhanada galýandygyny aýtdy.

Içeri işler ministrligi 20 sany polisiýa wekiliniň ýaralanandygyny habar berdi.

Kiýewiň prokuraturasynyň aýtmagyna görä, protestçileriň hem polisiýanyň hereketleri boýunça derňew başlanypdyr.

Suduň karary

Bu çaknyşyklar suduň üç sany milletçini alty ýyl türme tussaglygyna höküm etmeginiň yzýany ýüze çykypdy. Sud edilenler 2011-nji ýylda Wladimir Leniniň heýkelini partlamak boýunça güman edilýän dildüwüşige gatnaşmakda aýyplandylar. Protestçiler bu sud işiniň galpdygyny aýdýarlar.

Zorlukly çaknyşyklaryň käbiri wideo kameralara düşürildi.

Lutsenkonyň aýaly Iryna oppozision Hromadske telewideniýesinde eden çykyşynda öz adamsynyň ýagdaýy barada şeýle gürrüň berdi: “Lukmanlar onuň kellesine ýapyk zeper ýetendigini, beýnisiniň sarsandygyny, üç sany gematomanyň bardygyny anykladylar şeýle-de ýüzünde bir açyk ýaranyň bardygyny aýtdylar. Hudaýa şükür onuň kelle çanagy döwülmändir. Ol hemişe bolmasa-da özüne gelýär. Ol adamlary ar almakdan saklanmaga çagyrýar”.

Habar berilişine görä, anna güni agşam polisiýa sud edilen üç adamy suduň binasyndan äkitmekçi bolanda potestçiler olaryň ýoluny böwetlemäge synanyşypdyrlar.

Protestçi Dmytro Bulatow şeýle diýýär: “Görşümiz ýaly häkimiýetler repressiw hereketlerinden el çekmeýärler. Olar bizi öz hukuklarymyzdan mahrum etmek bilen çäklenmän, öz hukuklary barada açyk aýdýan adamlary türmä basmak, alty ýyllap tussaglyga höküm etmek isleýärler. Olar biziň süňklerimizi döwmek isleýärler”.

Hökümete protest

Ukrainada dowam edýän güýçli dartgynlylyk prezident Wiktor Ýanukowiç geçen ýylyň noýabr aýynda Ýewropa Bileleşigi bilen assosiasiýa barada ylalaşyga gol çekmekden boýun gaçyransoň başlanypdy.

Hökümetiň bu karary 2013-nji ýylyň noýabr we dekabr aýlarynda köpçülikleýin protestleri tutaşdyrypdy. Şol çykyşlar Ukrainada 2004-nji ýylda bolan rewolýusiýadan soň hökümete garşy geçirilen iň uly aksiýa bolupdy.

Orsýet Ukrainanyň ÝB bilen ylalaşyk baglaşmagyna garşy çykyş etdi. Kiýew Brussel bilen ylalaşyga gol çekmekden ýüz öwürensoň Moskwa Ukrainadaky syýasy we ykdysady pozisiýalaryny berkitmäge çalyşýar.

Ýewropanyň tarapynda çykyş edýän protestçiler Kiýewiň merkezinde galmagyny dowam etdirýärler we hökümetiň çekilmegini hem täze saýlawlaryň geçirilmegini talap edýärler.

Soňky protestlere guramaçylyk eden Ýuriý Lutsenko öňki premýer-ministr häzir tussaglykda saklanýan Ýuliýa Timoşenkonyň hökümetinde içeri işler ministri wezipesinde işläpdi. Timoşenkonyň häkimiýet başyna geçmegine mümkinçilik beren rewolýusiýada möhüm şahsyýetleriň biri bolan Lutsenko öňki premýer-ministriň ýakyn ýarany hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG