Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl: Ariel Şaron jaýlandy


Dünýäniň hökümet resmileri we diplomatlar Ysraýylyň öňki premýer-ministri Ariel Şaronyň jaýlanyş çäresine gatnaşmak üçin Ysraýyla jemlendiler. Şaron duşenbe güni Ysraýylyň günortasynda Negew çölünde ýerleşýän Hawan Şakmim atly ýerde harby sylag çäreleriniň berjaý edilmeginde jaýlandy.

Ysraýylyň parlamentinde geçirilen ýörite dabarada ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Baýden Şarony Ysraýyl döwletiniň abatlygyny we howpsuzlygyny baş maksady edinen adam diýip atlandyrdy.

Ysraýylyň parlamenti Knessetde başlanan matam çäresi Ierusalimiň günbatar böleginde harby ýadygärligiň öňünde dowam etdirildi. Şaron bu ýerde 1948-nji ýylda arap-ysraýyl uruşynyň dowamynda ýaralanypdy. Ariel Şaron 11-nji ýanwarda sekiz ýyllap komada, ýagny özüne gelmän ýatandan soň aradan çykdy.
XS
SM
MD
LG