Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we Eýran ýaran bolup bilermi?


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (çepde) we Eýranyň prezidenti Hassan Rohani
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (çepde) we Eýranyň prezidenti Hassan Rohani
Siriýa, Yrak, Owganystan we atom ýaraglarynyň ýaýramagy hem Günbatar hem-de Eýran üçin möhüm krizisler bolup durýar.

Ýöne iki tarap, aýratyn-da, Waşington bilen Tähran global parahatçylygy gorarlyk derejede dartgynlylygy aşakladyp, iki ýaran bolup bilermikä? Ýa-da mundan hem aňry geçip, dostlukly gatnaşyklary gaýtadan dikeldip bolarmyka?

Eýran bilen dünýäniň güýçli 6 döwletiniň özleriniň 6 aýlyk ýadro ylalaşygyny 20-nji ýanwardan başlap, amala aşyrmak barada üstümizdäki hepde ylalaşyga gelmegi bu soraglaryň ýene orta atylmagyna getirýär.

Merkezi Londonda ýerleşýän syýasy analizçi "Cornerstone Global Associates" toparynyň düýbini tutan Ganem Nuseibeh ýagdaýy şeýle düşündirýär:

"Birleşen Ştatlar bilen eýranlylar häzir birek-birege bolan ynamy täzeden döretmek üçin uzak möhletli prosesi başdan geçirýärler. Özara ynam 35 ýyl mundan ozal bolan Yslam rewolusiýasyndan bäri dargap ýatyr. Şol sebäpden bu zatlar bir günüň içinde üýtgemez. Emma olar birek-birege bolan ynamy assa-assadan döretmäge tarap hereket edýärler. Bu ýeke Eýranyň ýadro meselesi barada däl. Bu ondan has aňyrdaky zatlara, iki tarapa-da bähbitli zatlara bir girelge bolar".

Siriýa

Aradaky ýene bir mesele Siriýa krizisi. Bu barada hem käbir gymyldylar bar. Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri 22-nji ýanwara planlaşdyrylan Siriýa parahatçylygy baradaky maslahata Eýranyň-da gatnaşmagy üçin bir ýol tapmak maksady bilen 13-nji ýanwarda ors kärdeşi Sergeý Lawrow bilen Parižde duşuşdy.

Ýöne Eýran bilen iş salyşmak halkara derejesinde gün tertibinde dursa-da, syýasy synçylaryň aglabasy Waşington bilen Tähran häzirki wagtda gatnaşyklaryň gowulanmagyna garaşýar diýip pikir etmek ýalyş diýýärler.

Bu ýurtlaryň hiç biri şu wagt gatnaşyklary gowulandyrmak hakda gürrüň edenok. Ýöne olar muny isleseler-de, Waşington bilen Tähran üçin bu iş aňsat däl. Munuň hem öz sebäpleri bar.

Beýleki taraplar

Skott Lukas Eýran we Orta Gündogar barada spesialist "EA Worldview" websaýtynyň redaktory.

Onuň bellemegine görä, käbir krizislerde esasy aktýorlar Eýran bilen Birleşen Ştatlaryň özi. Netijeleri olaryň özleri doly kesgitläp bilýärler. Ýöne beýleki krizislerde başga aktýorlar-da bar. Olar bu ikisiniň gatnaşygyny kynlaşdyrýarlar. Mysal üçin Siriýa krizisi Eýran bilen Amerikanyň ýarany Saud Arabystanynyň arasyndaky gazaply regional bäsdeşligi-de öz içine alýar.

"[Eýranyň prezidenti Hasan] Rohaniniň hökümeti öten tomus wezipe başyna gelende Saud Arabystany bilen aradaky gatnaşyklary gowulandyrmak umydy bilen geldi, özüniň Er-Riýad bilen iş salyşýandygyny aýtdy. Ýöne ara Siriýa meselesi girip, muny kynlaşdyrdy. Indi bolsa Eýran režiminiň, Ýokary lideriň, parlamentiň wekilleriniň, ýolbaşçy ruhanylaryň, şeýle hem ýurduň mediasynyň Saud Arabystanyna bolan garaýşy duşmançylykly. Olar bu ýurdy Siriýadaky we Liwandaky terroristik hüjümleri goldamakda aýyplaýarlar. Şol sebäpden Eýrana Saud Arabystany bilen ylalaşyga garaşara syýasy ýol ýok. Bu bolmasa-da, ähli zat çylşyrymlaşar" diýip, Lukas aýdýar.

Yrakda we Owganystanda Waşington bilen Tähranyň bir tarapy, ýagny hökümeti goldaýandygy aýdylsa-da, Lukasyň garaýşyça bu ýurtlardaky krizisler gaty kynçylykly diýýär:

"Yrakda we Owganystanda ýa Tähranyň ýa-da Waşingtonyň edýän çagyryşlaryna jogap berýän hökümet ýok. Yrakdaky problemalaryň sebäbi premýer-ministr Nuri al-Malikiniň hökümetiniň jylawyny çekýäniň Tährandygy. Yrakdaky problemalara sebäp bolýan al-Malikiniň hökümetiniň özi we onuň sünni azlyk bilen nähili iş salyşýandygy. Owganystan barada hem şuny aýdyp bolar. Ol ýerde ilat bilen iş salyşmakda Karzaý öz aýdýanyny ornaşdyrmagy dowam etdirer. Bu Tähran bilen Waşingtonyň Karzaý bilen nähili iş salyşmak barada problemalarynyň bardygyny görkezýär".
XS
SM
MD
LG