Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ýangyn boldy


Aşgabadyň 30-njy mikroraýonynda ýangynyň bolandygy habar berildi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarcysynyň sözlerine görä, ýangyn penşenbe güni irden sagat 9 töwereginde ozalky Ostrowskiý köçesinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli Modeller öýünde döräpdir.

Soltan Açylowa bu waka barada şeýle gürrüň berdi: “Işgärler ýaňy işe gelen badyna ýangyn döräpdir. Dessine ýangyn söndürijiler çagyrylyp, ýangyn söndürilipdir. Dogrusy, jaýyň içine girip, maglumat almak maňa başartmady. Ýöne ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, elektrik togundan, tehniki çäreleriň doly ýerine ýetirilmändiginden ýangyn bolupdyr”.

Ýangyn söndürijileriň ýangyny tiz söndürmegi başarandygy emma käbir harytlaryň zaýalanandygy barada habar berildi.
XS
SM
MD
LG