Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uýgur aktiwisti tussag edildi


Hytaýyň Uýgur etnik azlygynyň wekili meşhur alym Ilham Tohtiniň aýaly öz öýüniň polisiýa tarapyndan dökülendigini we adamsynyň äkidilendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, alymyň kompýuterleri, mobil telefonlary we studentler üçin taýýarlan materiallar ele salynypdyr.

Guzaili Nueriň penşenbe güni aýtmagyna görä, onuň öýüni dökmek we adamsyny äkitmek işine 30 çemesi polisiýa işgäri gatnaşypdyr. Ol alty sagatlap dowam eden bu operasiýanyň çarşenbe güni öýlän başlanandygyny belledi.

45 ýaşly Tohti Pekin uniwersitetiniň ykdysadyýet boýunça professory. Ol Hytaýyň häkimiýet başyndaky Kommunistik partiýasyny, şol sanda hökümetiň etnik uýgurlara edýän basyşlaryny berk ýazgarýar.

Esasan musulman dinine uýýan uýgurlar Hytaýyň Hinjang günbatar regionynda ýaşaýarlar. Bu regionyň uly bölegi Merkezi Aziýa bilen serhetdeş bolýar. Bu ýerde geçen ýyllarda ençeme zorlukly çaknyşyklar bolupdy.
XS
SM
MD
LG