Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan ÝB bilen gepleşik geçirýär


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine agza bolmagy boýunça gepleşikleri ugrukdyrmak üçin duşenbe güni agşam Brussele bardy.

Erdoganyň sişenbe güni Brusselde geçirýän duşuşyklary soňky bäş ýylyň dowamynda ilkinji gepleşiklerdir. Emma Türkiýede korrupsiýa bilen bagly dawanyň turmagy we hökümetiň polisiýanyň hem suduň ýokary derejeli ençeme resmisini wezipesinden boşatmagy Erdoganyň bu saparyna kölege saldy.

Tankytçylar hökümetiň resmileri wezipesinden çetleşdirmek arkaly derňewlere päsgel bermek isleýändigini aýdýarlar.

Erdogan duşenbe güni agşam Brusseldäki myhmanhanasynyň öňünde jemlenen 2000-den gowrak tarapdarlarynyň öňünde çykyş etdi. Erdogan Ankaradan Brussele gaýtmagynyň öňüsyrasynda Ýewropa Bileleşigi bilen krizisy gowşatmaga çalyşdy, emma ÝB-niň resmileri Türkiýede demokratiýanyň ýagdaýyna aladalanma bildirdiler we kanun institutlarynyň garaşsyzlygyna şübhe bildirdiler.
XS
SM
MD
LG