Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Türkmenistan adam hukuklaryny depeleýär


ABŞ-da ýerleşýän HRW guramasy Merkezi Aziýada adam hukuklarynyň gödek depelenmeginiň günbatar hökümetlerini adam hukuklaryna “yzygiderli we köpçülikleýin” aladalanma bildirmek we takyk öňegidişlikleri talap etmek üçin herekete itermeli diýýär.

Bu pikir guramanyň dünýäde adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça 24-nji ýyllyk hasabatynda öňe sürülýär. Hasabatda 2013-nji ýylda Türkmenistanyň we Özbegistanyň dünýäde adam hukuklaryny iň gödek bozýan ýurtlaryň arasynda galýandygy aýdylýar.

“Human Rights Watch” guramasyndan Hugh Williamson “Halkara gyzyl haj” guramasynyň Özbegistany 2013-nji ýylda terk edendigi, sebäbi guramanyň türmelere baryp görmek boýunça öz borçlaryny “ýerine ýetirmäge mümkinçiligiň bolmandygyny belledi. Williamson Gazagystanda 2011-nji ýylda Zanaozen regionynda bolan dartgynlylykdan soň ýurtda raýatlaryň esasy hukuklarynyň hüjüm astynda galýandygyny, Gyrgyzystanda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň garyşykly ýagdaýda galýandygyny, hökümetiň käbir ugurlarda ýagdaýy gowulandyrmaga çalyşýandygyny belledi.

Hasabatda Täjigistanda geçen ýylda bolan saýlawlaryň “adalatly we açyk” bolmandygy, şeýle-de häkimiýetleriň “hökümetiň berk gözegçiligindäki dini hereketlere” gabat gelmeýän dini toparlara basyş görkezendigi aýdyldy.
XS
SM
MD
LG