Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Lawrow oppozisiýany tankytlady


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ukrainadaky jemgyýetçilik dartgynlylygynyň sebäpkärleri hökmünde ýurduň oppozisiýasyny we ýewropa ýurtlaryny ýiti tankytlady.

Sişenbe güni gurnalan metbugat ýygnagynda çykyş edip, Lawrow Kiýewiň häkimliginiň we hökümetiň edara jaýlaryny eýelän demonstrantlary “söweşijiler” diýip atlandyrdy. Şeýle-de rus resmisi munuň ýewropa ýurtlarynda kabul edilen normalaryň çäginden çykýandygyny aýtdy.

Lawrow: “Häzir weýrançylyklar, polisiýa hüjümler, otlamalar, molotow kokteýlleri (içi ýangygçly çüýşeler - Red.), partladyjy serişdeler we beýlekiler bar. Bu juda gorkunç. Bu ýewropa normalarynyň ählisine düýpgöter ters gelýär” diýdi.

Lawrow Ýewropanyň protestlere görkezýän goldawyny hem tankytlady: “Biz käbir ýewropa hyzmatdaşlarymyzyň Ukrainadaky krizis bilen baglanyşykly özlerini beýle sypaýyçylyksyz alyp barmazlygyny görmek isleýäris. Käbir ýewropa hökümetleriniň wekilleri, hiç hili çakylyk bolmazdan, Maýdana tarap eňip, ol ýerde hökümete garşy protestlere gatnaşdylar. Olaryň bu ýurt [Ukraina] bilen diplomatiki gatnaşyklary bar. Bilýäňizmi, bu bir edepsizlikdir”.

"Kontrollyk"

Şeýle-de Russiýanyň daşary işler ministri Ukrainanyň oppozisiýasynyň parahatçylykly çagyryşlaryna ünsi çekip, şeýle diýdi: “Meniň şahsy garaýşyma görä, oppozisiýa liderleriniň, hususan-da Witaliý Kliçkonyň asudalyga edýän çagyryşlary ýagdaýlaryň eýýäm kontroldan çykyp barýandygyny görkezýär”.

Lawrow Ukrainadaky ähli taraplary dialoga çagyryp, öz aralaryndaky tapawutly meseleleri gepleşikler arkaly çözmegi ündedi. Ol Russiýanyň ukrain hökümeti bilen oppozisiýasynyň arasyndaky dialogy ýola goýmaga ýardam bermäge taýýardygyny hem nygtady.

Ukrainada protestler geçen noýabrdan bäri dowam edip gelýär. Şol wagt ýurduň hökümeti Ýewropa Bileleşigi bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýjak Assosiasiýa ylalaşygyndan ýüz öwrüpdi.

Demonstrasiýalaryň dowamynda protestçiler bilen polisiýanyň arasynda gazaply çaknyşyklar hem boldy.

Oppozisiýanyň lideri Witaliý Kliçko hökümetiň ýagdaýlary durnuksyzlaşdyrmak üçin hakynatutma kellekeserleri protestçileriň arasyna ýollaýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG