Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


Sosial media ýazgysy
Sosial media ýazgysy
“Ertir.com”
“Ertir.com-da” geçen hepdäniň dowamynda sosial ulgamyň agzalarynyň arasynda gyzyklanma döreden temalaryň biri Çopanogly atly agza tarapyndan gozgalan “Türkmen telewideniýesine üýtgeşiklikler girizilipdir” atly temadyr.
20-nji ýanwarda gozgalan bu tema 23-nji ýanwara çenli 960 sapar okalypdyr we ol 52 gezek hem halanypdyr. Şeýle-de, oňa agzalar tarapyndan 40 sany teswir galdyrylypdyr.
Bu tema şeýle sözler bilen başlanýar: “Täze ýyl baýramçylyk gepleşiklerini "menden - saňa" [barýança] edip taýýarlany üçin, öňräk ýaşulymyz telewideniýa jogapkär işgärlere käýinç yglan etdi. Şondan soň telewideniýä täze özgertmeler girizilipdir. Indi gürleýän adam iki elini dyzynyň üstünde goýman gürlese-de bolýar, ýöne gapdalyndakylar entägem dyzyny tutup oturmaly. Şu zatlary ýazmasaňam boljak, ýöne türkmen telewideniýesiniň ýolbaşçy işgärleri, hemme türkmen kanallary "Yamal 90" emeli hemraň üsti bilen gaýdyp, jemi ilaty 800 million adama golaý döwletlerde tutýanyny bilenoklar öýdýän. Ýeke öz içimize berilse ,"aý düzeler" diýseňem boljak weli, daşary ýurtdaky bir topar bolar-bolgusyzlar şular ýaly suratlary goýup, "robotlar" gürleýär diýip ýazýarlar”.
Çopanogly şu mazmunly ýazgy bilen türkmen telewideniýesinde goýberilýän gepleşiklere öz garaýşyny beýan edipdir.
Çopanogly bu temany “Meniň tanaýanlarym-a bir "Watany" görýär. Hemraň üsti bilen 1000-e golaý telekanal görüp bolýar, birinde-de şular ýaly elini dyzynyň üstünde goýup oturdyp, gepleşik taýynlaýan kanal tapmarsyňyz. Şular ýaly pikirde ýeke özüm däldirin diýip pikir edýän” diýen sözler bilen jemleýär.
Bu tema teswir galdyran Naruto atly agza “Terminator-laý bular. Tanyş bilen işe alynsa, höwesek, yhlasly, ukyply ýaşlara ýol berilmese, biz häli daşary ýurtlaryň öňünde köp gülkünç ýagdaýa duşarys” diýip, öz garaýşyny kinaýaly beýan edipdir.
Telekeçi atly agza bolsa bu temanyň aşagynda şeýle tankydy belligi ýazypdyr: “Oturyşlary, hakykatdan hem robot ýaly” diýip, tankydy teswir galdyrypdyr. Fernando Suçre atly agza bolsa “TV4 Türkmenistan, Sport, Altyn Asyr, Türkmen Owazy [ýaly telekanallarda] tanyş gyzlar bar. Şolaryň aýtmagyna görä, manyly kliplerimiz, manyly aýdymlarymyz-da, durmuşdan alnan kinolarymyz-da bar. Ýöne medeniýet ministri (Şageldi Alowowdy öýdýän öňküsi) görýär. Göwnüne ýarasa, prezidente görkezýär. Prezidentem, halka çykaryň diýse, çykarýarlar, bolmasa çykarmaýarlar. Ne gözel kinolar arhiwde ýatyr görülmän diýýär. Balyk kellesinden çüýreýändir. Bir kinoda ýaşulyny öwmeseň, şol kinoň Oskar baýragyny alsa-da halka ýaýradylmaýar. Öwüp çykarsaň, ýedi kanalam şol kinony görkezer”.
”Vkontakte”
“Vkontakte” sosial ulgamynda bolsa tanymal şahyr Kaýum Taňrygulyýewiň aradan çykmagy ulgamyň agzalarynyň arasynda ýatlanan we gynanç bildirilen tema bolupdyr.
Bu ulgamyň “Türkmen sungat älemi” atly topary “Türkmenistanyň tanymal ýazyjy-şahyrlarynyň biri bolan Kaýum Taňrygulyýew aradan çykdy. Ol özüniň 92 ýaşyna çenli köp goşgudyr, makalalary, esasan hem çagalar üçin niýetlenen goşgulary okyjylara sowgat edipdi” diýen sözlerden ybarat gysgajyk maglumaty we şahyryň suratyny öz sahypasynda goýupdyr.
Şahyryň aradan çykan güni, 20-nji ýanwarda paýlaşylan bu maglumat sosial ulgamyň agzalary tarapyndan 23-nji ýanwara çenli 126 sapar halanypdyr we dört gezek hem gaýtadan çap edilipdir. Şeýle-de oňa 32 teswir gelip gowşupdyr. Teswir galdyran agzalaryň ählisi şahyryň jaýynyň jennetden bolmagyny diläpdir. Seýitnur Gurbanow atly agza bolsa:
“- Alo alo tizkömek!
- Gepleýär Dogtor Kömek! Näme hyzmat aýdyber?
- Dogtor bärik gaýdyber. Çyplak çykyp bir çaga başlady gyzzyrmaga...
- Ady näme?
- Nataşa
- Familiýasy?
- Gurjak
- Bolýar onda tiz barjak!
Hemmelere belli bolan şujagaz goşgyň awtorynyň jaýy jennetden bolsun!” diýip, öz gynanjyny teswirläpdir.
XS
SM
MD
LG