Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Assada basyş etmeli diýýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowdan Siriýanyň hökümetine öz himiki ýaraglaryny ýurtdan çykarmak boýunça basyş etmegini sorady.

Kerri bu talaby anna güni, Lawrow bilen Germaniýada geçýän Mýunhen howpsuzlygy konferensiýasynda duşuşanda etdi.

Emma Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň ýaragsyzlanmak bölüminiň başlygy Mihail Ulýanow Siriýa, Moskwanyň araçylyk etmeginde Waşington bilen gelnen ylalaşyk esasynda, öz ýaraglaryny ýok etmek babatda beren wadalaryna «wepadar» diýdi.

Geçen ýyl baglaşylan ylalaşyk, halkara inspektorlary Siriýada awgust aýynda öldürilen graždan ilatyň zarin gazyndan zäherlenendigini kesgitländen soň, Birleşen Ştatlaryň howa zarbasyny urmagynyň öňüni alypdy.

Orsýet, gijikmelere garamazdan, prezident Başar al-Assadyň režiminiň himiki ýaraglaryny 30-njy iýuna çenli ýok etjegini aýdýar.

BMG-niň resmileri Damaskyň öz etmeli işlerini gijikdirmeginden, bar diýlen himiki arsenalynyň 5 prosentden hem az bölegini ýurtdan çykarmagyndan şikaýat etdiler.
XS
SM
MD
LG