Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Hökümetiň sahawaty” tankyda uçrady


Tährandaky az girdejili eýranlylar hökümet tarapyndan berilýän kömekleri almak üçin hatara düzülipdirler. 3-nji fewral, 2014 ý.
Tährandaky az girdejili eýranlylar hökümet tarapyndan berilýän kömekleri almak üçin hatara düzülipdirler. 3-nji fewral, 2014 ý.
Eýranyň häkimiýetleriniň ýagşy niýet bilen işe girişen “mätäçlere kömek” kampaniýasy Eýran prezidentiniň tankyt edilmegine getirdi.
Garly gyşyň aýazly gününde Eýranyň pes girdejili maşgalalary döwlete degişli azyk-haryt dükanlarynyň öňünde özleri üçin niýetlenen mugt azyk harytlaryny almak üçin nobata durýarlar.
Häkimiýetleriň tagallalaryna garamazdan, 2-nji fewraldan işe girizilen bu sahawat bilen bagly tankytçylar soňky dörän ýagdaýlar üçin ýurduň prezidenti Hasan Rohaniniň halkdan ötünç soramagyny talap edýärler.
“Oňlarlykly” däl
Aýazly howada nobata duran adamlardan üçüsi howanyň sowugyna çydap bilmän aradan çykypdyrlar. Ýurduň içindäki aşa dinçiler bolsa Eýranda dörän soňky ýagdaýyň gelşiksizdigini we daşary ýurtlularyň gözi bilen ýagdaýa baha bereniňde, “oňlarlykly” däldigini aýdýarlar.
Döwlet eýeçiligindäki telewizion kanallaryň birinde 6-njy fewralda çykyş eden prezident Rohani agzalýan jedelli ýagdaý barada öz gynanjyny beýan etdi. Ol: “Adamlar özlerine edilýän kömegi almak üçin kynçylykly ýagdaýlara sezewar bolýarlar, muňa men gynanýaryn” diýip, ol öz sözlerinde belledi.
Tüwi, towuk eti, peýnir, ýumurtga we ýag ýaly hökümetiň halka mugt berýän azyk-harytlaryny pes girdejili maşgalalaryň, ýagny aýlyk girdejisi 170 dollardan pes bolan hojalyklaryň almaga hukugy bar.
Köp sanly eýranlylar, şol sanda syýasatçylar we adaty raýatlar bu ýagdaýdan özleriniň hoşaldyklaryny aýdýarlar. Ýöne harytlar entek ýaňy paýlanyp başlan günlerinden beýläk harytlaryň hili, onuň halka ýetirilişi we azyk-harytlaryny almaga hukugy bolan adamlaryň saýlanyş tertibi tankyt edilip başlandy.
“Kömege mätäç”
Eýranyň konserwatiw kanunçykaryjylarynyň hatarynda ady agzalýan Gasem Jafari mediada peýda bolan “kömege mätäç” eýranlylaryň suratynyň ýurduň abraýyna şikes ýetirýändigini aýdýar: “Meniň pikirimçe, bu ýagdaýa anyk hem çynlakaý çemeleşmeli. Sebäbi çigit ýaly kömegi almak üçin dörän uzyn nobatlardan duşmanlarymyz lezzet alýarlar”.
Azyk harytlaryny halka paýlamak boýunça jogapkär döwlet guramalary “mätäçlere kömek” kampaniýasyny tankyt etmek üçin syýasatçylar entek howlukmaly däl diýýärler we bu kampaniýanyň ähmiýetine ünsi çekýärler.
Prezident Rohani awgust aýynda ýurduň ozalky ýolbaşçysy Mahmut Ahmedinejaddan prezidentlik kürsüsini kabul edip alanda, ýurtda ykdysady problemalar we işsizlik höküm sürýärdi. Hut şonuň üçin hem Ahmedinejad ýurduň ykdysadyýetini dolandyryp bilmezlikde aýyplanypdy.
Resmi hasabatlardan çen tutsaň, ýurtda 40 göterim infilýasiýa bar, işsizlik hem - 12 göterim.
Prezidentlik saýlawlarynda halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrjakdygyna, iş orunlaryny döretjekdigine we Eýrana garşy girizilen halkara sanksiýalary ýatyrjakdygyna wada beren Rohani derhal işe girişdi.
Onuň aç-açan gepleşikleri geçirmegi ýurduň peýdasyna boldy we Eýranyň ýadro programmasy boýunça edilen tagallalar sanksiýalary gowşatdy, bu ýagdaý bolsa Eýrana degişli käbir fondlara Birleşen Ştatlary tarapyndan girizilen sanksiýalaryň işjeňleşdirilmegine getirmegi mümkin.
Aşa dinçiler
Noýabr aýynda ylalaşyga gol goýlanyndan soňra Eýranyň prezidenti özüniň ýaýradan beýanatynda öz halkynyň bu ylalaşygyň hözirini gysga wagtyň içinde görjekdigini aýdypdy. Ýöne ýurtdaky aşa dinçiler Rohaniniň bu tagallalaryny tankyt edipdiler.
Käri boýunça ykdysadyýet ugrundan hünärmen, eýranly žurnalist Jaleh Wafa Farda Radiosyna beren interwýusynda hökümet tarapyndan azyk harytlarynyň paýlanmagy halkyň gözünde hökümetiň abraýyna goşant goşýar diýýär: “Meniň pikirimçe, bu başlangyçlar hökümetiň propaganda edilmegine oňyn täsir edýär. Hökümetiň uçran ykdysady kynçylyklaryna garamazdan, onuň halka mugtuna azyk paýlamagy halk üçin täsirli bolar”.
Wafanyň eden käbir belliklerinde şeýle kömegi almaga halkyň diňe 20 göteriminiň hukugynyň bardygy aýdylýar. Bu ýagdaýyň käbir düşünişmezliklere sebäp bolmagynyň ahmaldygy hem aýdylýar.
Jaleh Wafa: “Nebite we tebigy gaza baý bolan ýurtda adamlar “azyk-iýmit kömegini” almak üçin kösenýärler. Ynha, bu ýagdaý hökümetiň ýalňyş syýasat alyp barýandygyny görkezýär” diýýär.
“Fars” habar agentligi nobata duran adamlardan biriniň aýdan sözlerini halka ýetirýär. “Biziň hemmämiz gedaýa öwrüldik we hökümetiň öňünde dyza çöküp, ondan mugt nahar soraýarys. Bu abraý däl”.
Rohani 21-nji martdan öň kömek kampaniýasynyň ikinji tapgyrynyň geçiriljekdigini wada berdi.
XS
SM
MD
LG