Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: Akaýewiň öňki giýewi tussag edildi


Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Askar Akaýewiň öňki giýewi Interpolyň talaby boýunça Moskwada tussag edildi. Adli Toighanbaýewiň aklawçysy Ikramidin Aitkulowyň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, onuň müşderisi ýekşenbe güni Ýewropa barýarka Moskwanyň Şeremetýewo aeroportunda tussag edilipdir.

Gazagystanyň raýaty Toighanbaewiň Gyrgyzystana iberilip-iberilmezlik barada karara gelinýänçä ol iki günläp tussaglykda saklanar. Aklawçy Aitkulow öz müşderisiniň Gyrgyzystana zor bilen iberilmejegine ynam bildirdi.

Gyrgyzystan öňki prezident Akaýewiň gyzy Bermet Akaýewanyň öňki adamsyny Toighanbaýewi salgytdan gaçmakda we hilegärlikde aýyplap gozleýär. Geçen ýylyň tomsunda Gazagystanyň häkimiýetleri hem Toighanbaýewi Interpolyň talaby boýunça tussag edipdi, emma Gyrgyzystana ibermekden boýun gaçyrypdy.
XS
SM
MD
LG