Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan kandidatlary çekişmäni dowam etdirýär


Owganystanyň telewideniýe arkaly efire berilýän prezidentlik çekişmeleri ýekşenbe güni hem dowam etdirilýär.

Bu gezek oňa bäş kandidatyň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar aýallaryň hukuklary, «Talyban» bilen geçirilmeli parahatçylyk gepleşikleri ýaly bir topar meseleden gürrüň eder öýdülýär.

Bu çekişme Owganystanyň Radio-Telewideniýesi (RTA) bilen Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Owgan gullugy tarapyndan gurnalýar.

Ýekşenbe günündäki çekişmä çagyrylan kandidatlar ozalky daşary işler ministri Zalmail Rasul; ozalky maliýe ministri Ashraf Ghani; ozalky prezident geňeşçisi Hedaýat Amin Arsala; prezident Hamid Karzaýyň dogany Kaýum Karzaý; şazada, merhum Zaher şanyň agtygy Mohammad Nader Naim dagydan ybarat.

Ozalky mujahetdin komandiri Abdul Rab Rasul Sayyaf, howpsuzlyga salgylanyp, çakylykdan ýüz öwürdi.

Ozalky daşary işler ministri Abdulla Abdulla şenbe güni geçirilen çekişmä çagyryldy, emma çekişme başlanmazynyň öň ýanynda gelmejegini aýtdy.

5-nji aprelde geçjek prezidentlik saýlawlarynda jemi 11 kandidat bäsleşýär.
XS
SM
MD
LG