Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: "Hamas" gadagan edildi


Müsüriň sudy palestinalylaryň söweşiji HAMAS toparynyň hereketlerini gadagan etdi. Şeýle-de sud goňşulykdaky Gaza sebitini dolandyrýan bu toparyň serişdelerini doňdurmak boýunça höküm çykardy.

Müsüriň täze hökümeti HAMAS toparyny Müsürde gazaplylygy amala aşyrmak üçin, ýurduň çetleşdirilen prezidenti Muhammad Morsi we onuň “Musulman doganlygy” hereketi bilen dildüwşükde aýyplady.

HAMAS topary Müsüriň “Musulman doganlygy” hereketiniň bir şahasydyr. HAMAS dekabr aýynda terroristik topar hökmünde yglan edilipdi.

HAMAS-yň metbugat wekili Sami Abu Zuhri suduň sişenbe güni çykaran kararyny ýazgardy.
XS
SM
MD
LG